Soňky habarlar
Alp Arslan Begenjow — ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempiony
21 Iýun, 2022
erkin-gores

Bişkek şäherinde dowam edýän erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 65 kilogram agram derejesindäki ýaryşda Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň agzasy Alp Arslan Begenjow altyn medalyna mynasyp boldy.

Ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempiony Alp Arslan Begenjow Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synpynda okaýar. Ýeri gelende bellesek. türkmen pälwany şu ýylyň maýynda hem öz ýaş derejesinde Rumyniýanyň Buharest şäherinde geçen halkara ýaryşyň hem ýeňijisi boldy. Alp Arslan Begenjow şol ýaryşda hem garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykypdy.

Halkara hyzmatdaşlar