Hekim Agamämmedow Ýewropanyň açyk çempionatynda 66 kg derejesinde çykyş edip bürünç medalyň eýesi boldy.
Serdar Rahymowyň Portugaliýa Gran-pri ýarşyndaky tutluşyklar
Türkmenistanyň tennis topary Bahreýn Patyşalygynyň Isa-Taun şäherinde geçirilýän 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Aziýa çempionatynda
Ähtnamalara laýyklykda iki döwletiň arasynda sport we bedenterbiýe babatynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hem-de sport hünärmenleriň, tälimçileriň we türgenleriň arasynda oňyn tejribeleri paýlaşmaga aýratyn ähmiýeti bardyr.
Mejlisde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň komitetleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem, tomusky we gyşky Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetleriniň hasabatlaryna giň orun berildi.
Dzýudo boýunça dünýäniň täzelenen reýtingi mälim edildi. Reýting Halkara Dzýudo federasiýasynyň web-saýtynda sportuň şu görnüşiniň muşdaklaryna ýetirildi.
Ýaşy 20-ä çenli bolan ýaşlardan düzülen türkmenistanly futbolçylaryň ýygyndysy Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyryndaky birinji duşuşygyny ýeňiş bilen başlady. Demirgazyk Marian adalarynyň garşysyna geçirilen oýun Amman şäheriniň «Petra» stadionynda guraldy.
3-4-nji sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde geçirilen karatedo boýunça halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly üstünlige eýe boldular.
Türkmen türgenleri Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçýän dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň birinji gününde iki altyn medala eýe boldular.
Türkmenistanda abraýly halkara sport guramalary, hususan-da, Bütindünýä dopinge garşy göreş agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler öwrenilýär. Şeýle-de Türkmenistanyň Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.
Şu gün 20 ýaşa çenli ýaşlardan düzülen Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dubaý şäherine (BAE) ýola düşýär. Ýygyndy toparymyz 2023-nji ýylda geçiriljek ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň Kubogyna ýokary derejede taýýarlanmak üçin 2 — 8-nji sentýabrda şol şäherde bolup, halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer.
Milli futzal ýygyndymyz 27-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtiň paýtagty Al-Kuweýt şäherinde geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşar. Yklym çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysy 9-njy sentýabrda Baku şäherine (Azerbaýjan) ugrarlar. Bakuwda olar 23-nji sentýabra çenli türgenleşerler we özara dostlukly duşuşyklary geçirerler. Baku şäherindäki taýýarlykdan soň, türgenlerimiz 23-nji sentýabrda Kuweýt şäherine ugrarlar.
Türkmen pälwanlary Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Dünýä çempionaty 8 — 11-nji sentýabr aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Namangan şäherinde geçer. Ýaryşda çykyş etjek türkmen toparyna ussat pälwanlaryň birnäçesi wekilçilik edýär.
Welosportuň şosse görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýurdumyzyň Welosport federasiýasy bilen bilelikde geçiren ýaryşy diýseň dartgynlylygy bilen tapawutlandy.
Karatedo boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary sentýabrda iň iri ýaryşlaryň hem-de çäreleriň üçüsine gatnaşar.
Şu gün Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndy topary 3 — 8-nji awgust aralygynda Ýewropanyň açyk çempionatyna hem-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň Oberwart şäherine tarap ýola düşýär.
31-nji awgustda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
22-nji awgustda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde başlanan tennis boýunça Billi Jin King kubogyny almak ugrundaky Aziýa we Okeaniýa sebitiniň II toparynyň toparlaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy hem başarnygyny synaýar. Birinji duşuşygynda ýer eýelerini — Täjigistanyň ýygyndysyny ýeňen türkmen topary ikinji duşuşygyny Mongoliýanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirdi.
Türkmenistanly gyzlar Duşenbe şäherinde (Täjigistan Respublikasy) geçýän Billi Jin King kubogyny almak ugrundaky Aziýa we Okeaniýa sebitiniň II toparlaýyn ýaryşyndaky çykyşlaryna başladylar. Türkmenistanyň gyzlar ýygyndy topary 5 türgenden ybaratdyr.
Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Omargeldi Nurgeldiýew 54 kilogram agram derejesinde ringe çykdy.
V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda gazanylýan üstünlikler kikboksing boýunça türkmen mekdebiniň häzirki derejesini görkezdi. 17-nji awgustda ildeşlerimiz sportuň bu görnüşinden medallaryň üçüsine eýe boldular.
Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň agzasy Muhammet Altybaýew 67 kg agram derejesindäki ýaryşda çykyş etdi.
V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň dzýudo boýunça guralýan ýaryşlarynda türkmen ýygyndysynyň ýene bir medaly bellige alyndy. 63 kilogram agram derejesindäki gyzlaryň ýaryşynda güýjüni synan Zülhumar Daşkinowa netijeli çykyş etmegiň hötdesinden geldi.
Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni, Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Hojamuhammet Toýçyýew +109 kg agram derejesindäki ýaryşda çykyş etdi
Türkmen türgenleriniň Türkiýäniň Konýa şäherinde geçýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň medallaryny yzygiderli gazanmaklary Türkmenistanda sportuň täze derejä çykýandygyny äşgär edýär. Nobatdaky üstünlik dzýudo boýunça gazanyldy.
Türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda netijeli çykyş edýärler.
Türkiýäniň Konýa şäherinde dowam edýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlarynda güýjüni synan türkmen agyr atletikaçysy Gülnabat Kadyrowa Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň rekordynyň eýesi hökmünde taryha girdi.
Halkara hyzmatdaşlar