gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

  • Panasonic

    Panasonic korporasiýasy Olimpiki oýunlaryna häzirki zaman sanlaýyn audio/wideo enjamlary hödürleýär.

EKSKLÝUZIW ÖNÜMLER ÝA-DA HYZMAT TAPGYRY: AUDIO/TW/WIDEO TEHNIKASY

Panasonic korporasiýasy Olimpiki oýunlaryna tekiz ekranly telewizorlar, sanlaýyn wideo kamera, DVD-rekorder we professional audio/wideo enjamlary ýaly häzirki zaman sanlaýyn audio/wideo enjamlaryny hödürleýär.

Şeýle-de, Panasonic birnäçe geçen Oýunlaryň neşir etmelerinde Olimpiki oýunlaryny geçirmek üçin habar beriş enjamlarynyň resmi üpjün edijisi bolup çykyş etdi. Panasonic tehnologiýasy oýun meýdançasyndan tomaşaçylara çenli ýerli uly wideo ekranlarynyň we professional audio ulgamlarynyň, şeýle-de bütün dünýäniň adamlary üçin onuň sanlaýyn habar beriş enjamlarynyň kömegi bilen Olimpiki oýunlarynyň gözelligini, sesini we ajaýyp tolgunmalaryny ýetirmekde örän wajyp orny eýeleýär.

Panasonic Olimpiki oýunlaryna 1984 ýyldan başlap Los-Anjelsda professional ses ulgamynyň we baş stadion üçin uly wideo displeýiň üpjün edijisi hökmünde gatnaşyp başlady. 1987 ýylda kompaniýa dügünleşdirlen agza hökmünde TOP maksatnamasyna goşulan mahalynda dünýä olimpiki hyzmatdaşy boldy. Panasonic önümleriniň eksklýuziw tapgyry – audio, telewideniýa, wideo enjamlary, awtoulag nawigasiýasyny we multimedia önümlerini goşmak bilen.

www.panasonic.net


© Olympic.org

Halkara hyzmatdaşlar