gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

  • Alibaba Group

    Alibaba her birine dünýä meýdançasynda bäsleşmäne mümkinçilik berip oýun meýdançasynyň döredilmegine ynanýar

Alibaba toparynyň Olimpiki oýunlarynyň witrinasy dolulygyna asmanda işleýän geljekki Olimpiki oýunlary üçin muşdaklaryň, türgenleriň, guramaçylyk edaralarynyň we Alibabanyň hyzmatdaşlarynyň garaýşyny görkezýän interaktiw, geljegi bar bolan tejribäni açyp görkezýär. Gelýän adamlar oýun bilen bagly bolan, Alibabanyň asman hyzmatlarynyň we geljekki oýunlar üçin elektron täjirçiliginiň syýasy maksatnamasynyň täsir ediş mümkinçiliklerini görkezýän dürli görkezmeleri synlap bilerler.

“Biziň Olimpiki oýunlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygymyz, biziň kompaniýa hökmünde şeýle hem, biziň tehnologiýalarymyzy Olimpiki oýunlaryny sanlaýyn tehnologiýalar eýýamyna uýgunlaşdyrmak üçin ulanyp bilmegimiz Alibaba üçin ahyrky görkezme bolup durýar”, - diýip Jek Ma belledi. “Olimpiki oýunlary ýaly Alibaba hem dünýä meýdançasynda hemme kişini bäsdeşlik edip bilmekligine mümkinçilik berip oýun meýdançasynyň döredilmegine ynanýar”.

“MOK biziň Alibaba bilen hyzmatdyşlykda edýän sanlanmanyň täze eýýamyna girýär”, - diýip MOK başlygy Tomas Bah aýtdy. “Alibaba bize Olimpiki oýunlarynyň özüne çekijiligini giňeltmek üçin ýeke-täk syýasy maksatnamany we biziň muşdaklarymyzy goldamagy hödürleýär. Meni kompaniýanyň berk we netijeli işi haýrana goýýar we ýene-de 10 ýyllyk hyzmatdaşlyga hem-de has uly şowlulyga garaşýarys”.

Alibaba Group we MOK arasyndaky hyzmatdaşlyk 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda, haçan-da olar sanlaýyn tehnologiýalar eýýamynda Olimpiki oýunlaryny kämilleşdirmek üçin taryhy uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlyga gol çekenlerinde başlady. Alibaba “Cloud Services” we “E-Commerce Platform Services” resmi hyzmatdaşy bolar şeýle hem, 2028 ýylda oýunlaryň çäklerinde Olimpiki kanalyň esaslandyrjylarynyň biri bolar.


© Olympic.org

Halkara hyzmatdaşlar