gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

  • Figuraly typma

    Figuraly typma şu günki günde sungaty we sporty nepis utgaşdyrmak bilen buzuň üstünde typmagyň ýakymly usuly boldy.

IRKI PIONERLER
Belki-de gollandlar figuraly typmagyň birinji pionerleri bolupdyrlar. Olar  heniz XIII asyrda konkide typyp, kanallary obalaryň arasynda aragatnaşyk saklamak üçin ulanyp başlapdyrlar. Ahyry soňy kanallaryň üstünde typmak Angliýa hem ýaýrady we tiz wagtda birinji klublar we emeli katoklar peýda boldy. Höwesjeň figuristleriň içine Angliýanyň birnäçe patyşalaryny, Mariýa-Antuanettany, Napoleon III we nemes ýazyjysy  Iogann Wolfgang fon Gýottany gomak bolýar. 

POLAT BALET
Iki sany amerikaly adam sportuň taryhynda bolup geçen esasy wakalara jogap berýär. 1850-nji ýylda Filodelfiýadan Edward Buşnell çylşyrymly tärleri we öwrümleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän polat şineleri teklip etmek bilen, konkide rewolýusiýa geçirdi. Wenada ýaşaýan baletmeýster Jekson Heýns 1860-njy ýyllarda sporta näziklik bermek üçin baletiň we tansyň elementlerini goşdy.

Halkara hyzmatdaşlar