English Русский
Beýleki habarlar
AOG-niň 40-njy Baş Assambleýasy 2021-nji ýylda Dubaý şäherinde geçiriler
18 Noýabr, 2021 ý.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 40-njy Baş Assambleýasy 2021-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriler.

Baş Assambleýanyň Gün tertibinde, AOG-niň möhüm çäresini, ýagny Aziýa oýunlaryny kabul etjek indiki dört guramaçysynyň: Hançjou 2022, Aiçi-Nagoýa 2026, Doha 2030 we Riýad 2034-iň çykyşlary ýa-da täzelenmeleri arkaly Aziýa sebitinde Olimpiýa hereketiniň durnuklylygy görkeziler.

Şeýle hem, 2022-nji ýylda başga-da 2 sany köpgörnüşli sport oýunlarynyň, ýagny martda Bangkokda we Çonburi şäherinde geçiriljek Ýapyk binada we söweş sungaty boýunça 6-njy Aziýa oýunlarynyň we dekabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Şantou şäherinde geçiriljek Ýetginjekleriň arasyndaky 3-nji Aziýa oýunlarynyň guramaçylarynyň öňegidişlikleri baradaky hasabatlary diňlener.

Ýetginjekleriň arasyndaky 4-nji Aziýa oýunlarynyň ýer eýesi Özbegistanyň Daşkent şäheri hem 2025-nji ýyla taýýarlyk işleri barada maglumat berer.
AOG-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 76-njy mejlisi, Baş Assambleýanyň bir gün öňünden 2021-nji ýylyň 20-nji noýabrynda geçiriler.

Halkara hyzmatdaşlar