English Русский
Soňky habarlar
Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa sylaglandy
21 Awgust, 2021 ý.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan döwletimize wekilçilik eden Polina Gurýewa 59 kilogram agrama çenli ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldy. Türkmenistanyň Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medaly gazandyran ildeşimiz Polina Gurýewany sylaglamak dabarasy geçirildi.

Paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guralan dabara hökümet agzalary, ýurdumyzdaky daşary ýurtly diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary gatnaşdylar.

Ildeşimiz Polina Gurýewany sylaglamak dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysyna iberen Gutlag hatyny okady.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow ildeşimiz Polina Gurýewa Hormatly Prezidentimiziň adyndan sylaglaryny gowşurdy.

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa 50  müň Amerikan dollary möçberinde pul baýragy hem-de Aşgabat şäherinden 3 otagly ýaşaýyş jaýynyň we gymmat bahaly awtoulagyň (“Lexus LX 570 Sport Plus” ) açarlary gowşuryldy. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Sport we bedenterbiýe institutynyň talyby Polina Gurýewa “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen ady dakyldy.

Tokio 2020-da agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda 59 kg agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Polina Gurýewa birbada götermekde 96, itekläp götermekde 121 kg, umumylykda-da 217 kg agram bilen kümüş medala mynasyp boldy.

Bu gazanylan kümüş medal bilen Türkmenistan döwletimiziň ady medally ýurtlaryň sanawynda öz mynasyp ornuny tapdy.

Halkara hyzmatdaşlar