English Русский
Soňky habarlar
Tokiodaky XXXII tomusky olimpiýa oýunlary tamamlandy
09 Awgust, 2021 ý.

2021-nji ýylyň 8-nji awgustynda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy.

XXXII tomusky Olimpiada 2021-nji ýylyň 23-nji iýulynda başlanypdy. Oýunlaryň dowamynda türgenler sportuň 33 görnüşi boýunça medallaryň 339 toplumy ugrunda göreşdiler.

Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan sportuň 4 görnüşinde (agyr atletika, suwda ýüzmek, dzýudo, ýeňil atletika) türgenleriň 9-sy bilen wekilçilik etdi.

Türgenlerden başga-da, agyr atletikaçylaryň ýaryşyna türkmenistanly emin Çarygeldi Mämmedow gatnaşdy. Şeýlelikde, taryhda ilkinji gezek sportuň şu görnüşi boýunça eminleriň düzümine Türkmenistanyň wekili goşuldy.

Taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ýygyndysy tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazandy. Agyr atletikaçylaryň bäsleşiginde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Gurýewa (59 kg.) kümüş medala mynasyp boldy.

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň jemi boýunça ABŞ-nyň ýygyndysy ýeňiji boldy (39 altyn, 41 kümüş, 33 bürünç). Hytaý 2-nji orny (38, 32, 18), Ýaponiýa 3-nji orny (27, 14, 17) eýeledi.

Nobatdaky Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylda Parižde geçiriler.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.

Halkara hyzmatdaşlar