English Русский
Soňky habarlar
Türkmenistanly çekiç zyňyjy Tokio Olimpiadasynda çykyş etdi
03 Awgust, 2021 ý.

Tokioda dowam edýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda çekiç zyňyjylar medal ugrunda bäsleşdiler. Otuz bir türgeniň gatnaşýan ýaryşyň bu görnüşinde halkara derejeli sport ussady, 30 ýaşly aşgabatly Mergen Mammadow Türkmenistanyň wekili boldy.

Özüniň kwalifikasiýadaky iň gowy synanyşygynda Türkmenistanyň ýeňil atletika boýunça olimpiýa maksatnamasyndaky ýeke-täk wekili çekiji 67.53 metre zyňdy, bu bolsa onuň öz şahsy rekordyndan 6,48 metr azdyr.

Mergen Mammadow Olimpiýa oýunlaryna ikinji gezek gatnaşýar. Dokuz ýyl ozal ilkinji gatnaşan London Olimpiadasynda ol 68.39 metrlik netije görkezipdi.

Tokio oýunlarynda kwalifikasiýada iň gowy netije görkezen Woýseh Nowiski (Polşa) boldy ‒ 79,78 metr.

Çekiç zyňmak boýunça 2020-nji ýyl Olimpiadanyň ýeňijisi 12 finalçynyň çykyşlarynyň netijelerine görä 4-nji awgustda kesgitlener.

Halkara hyzmatdaşlar