English Русский
Soňky habarlar
ÇARY MÄMMEDOW: «TOKIO OLIMPIADASYNDAN TAMAMYZ ULY»
31 Iýul, 2021 ý.
msy.gov.tm/item/2056

Agyr atletika boýunça halkara derejeli emin, Türkmenistanyň Agyr atletika milli federasiýasynyň baş kätibi Çary Mämmedowyň ady köplere tanyşdyr. Ol ýurdumyzyň çempionatlarynda, şeýle hem, halkara ýaryşlarynyň birnäçesinde eminlik etdi. Ine, indi bolsa ol XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem eminlik eder. Biz milli ýygyndymyzyň Olimpiýa oýunlaryna ugradylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Çary Mämmedow bilen söhbetdeş bolduk.

— Gürrüňdeşlige agyr atletika gelşiňiz baradaky ýatlamalardan başlaýalyň.

— Aşgabadyň golaýyndaky Herrikgala ýaşaýyş toplumynda ýaşamyzsoň, agam meni 1999-njy ýylda, 12 ýaşymdakam paýtagtymyzdaky agyr atletika mekdebine getirdi. Ilkinji tälimçim Şamsuddin Tursunmagomedowdan sportuň bu görnüşiniň inçe tilsimlerini öwrenendigimi aýdyp geçeýin.

— Türgen hökmünde nähili netijeleri gazandyňyz?

— 69 kilogram agram derejesinde ýaşlaryň arasynda, 77 kilogramda bolsa ulularyň arasynda ýurdumyzyň çempiony bolandygymy buýsanç bilen belläp bilerin. Şol döwürlerde daşary döwletlerde geçirilýän ýaryşlara hem yzygiderli gatnaşypdym. Umuman, şol döwürler bu ugurda birneme tejribe topladym.

— Eminlige geçmäge itergi beren sebäpler hakynda hem durup geçäýseňiz.

— Ilkibaşda bar ünsüm ýaryşlarda çykyş etmek bolansoň, bu barada kän bir pikirem etmändirin. Ýöne 2006-njy ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna girmegim meniň geljekki ýolumy kesgitledi. Ol ýerde 2011-nji ýyla çenli bilim aldym. Şol döwürler eminlige geçmek barada çynlakaý pikirlenip ugradym.

— Diýmek, eminlik ýoluňyz okuwy tamamlanyňyzdan soň başlapdyr-da?

— Dogrymy aýtsam, agyr atletikada emin hökmündäki ilkinji çykyşlarym 2017-nji ýyla gabat geldi. 2017-2018-nji ýyllarda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem-de, daşary döwletlerde geçirilýän ýaryşlarda hem eminlik edip ugradym.

— Daşary ýurtlardaky geçirilen haýsy ýaryş emin hökmündäki ilkinji synanyşygyňyz boldy?

— 2019-njy ýylda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde ýetginjekleriň arasynda dünýä birinjiligi geçirilipdi. Ine, şonda maňa şol ýaryşa emin hökmünde gatnaşmak miýesser etdi. Şol ýyl ulularyň arasyndaky dünýä çempionatyna hem emin hökmünde ýurdumyzyň adyndan wekilçilik etmek nesibämde bar eken. 2019-njy hem-de 2020-nji ýyllarda Peruda, Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşlarynda, 2021-nji ýylyň aprelinde Daşkentde bolan Aziýa çempionatydyr şol ýerde maý aýynda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä birinjiliginde hem emin hökmünde işledim. Ine, indi bolsa sport ýolumdaky iň uly synag, Olimpiýa oýunlary garaşýar. Nesip bolsa, dörtýyllygyň bu iri sport baýramynda hem netijeli eminlik etmek üçin elimde barymy gaýgyrmaryn.

— Tüweleme, uly ýaryşyň bosagasynda dursuňyz. Sportuň beýleki görnüşlerinde eminleriň etmeli işleri janköýerlere azda-kände düşnüklimikä diýýän...

— Diýjek bolýan zadyňyza düşündim. Aslynda agyr atletika boýunça geçirilýän ýaryşlarda eminler topary tehniki wekiller diýlip atlandyrylýar. Her ýaryşa eminleriň 40-a golaýy gatnaşýar. Ýaryşa wekilçilik edýän eminleriň 10-a golaýyna žýuri diýilýär. Bir bölegi bolsa emin hökmünde ýaryşa baha berýär.

— Olaryň tapawudy nämeden ybarat?

— Emin ýaryşda türgeniň görkezijilerine görä netije çykarýar. Žýuriler bolsa ýaryşyň soňunda eminleriň çykaran netijelerini seljerip, tassyklaýarlar. Mundan başga tehniki gözegçilerem bolýar. Olar ştanganyň agramyny, türgeniň egin-eşiginiň ýagdaýyny gözegçilikde saklaýarlar. Umuman, ýaryşdaky bolup geçýän ähli hereketleri nazarlaryndan sypdyrmaýarlar. Ondan daşgary ýaryşyň lukmany, direktory, baş kätibi hem bolýar. Olar ýaryşdaky resminamalary, bolup geçýän ähli ýagdaýy gözegçilikde saklaýarlar.

— Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda eminleriň gatnaşmagyndaky ýygnanyşyklar geçirilýärmi?

— Hawa, her ýaryşyň öňüsyrasynda hökmany ýagdaýda okuw-maslahatlar geçirilip durulýar. Onuň dowamynda agyr atletikada bolup geçýän üýtgeşmeler hakynda düşündirişler berilýär. Şu ýerde agyr atletikadaky bir aýratynlygy hem aýdyp geçeýin. Biziň sport görnüşimizde hemme zat aç-açan bolýar. Has anyk aýtsam, eminler bilen türgenleriň arasynda hiç-hili düşünişmezlik ýüze çykmaýar. Biz myhmanhanalarda bir ýerde bolýarys. Türgenler bilen habarlaşyp, pikir alşyp durýarys. Bu ýagdaý diňe bize däl, eýsem-de, ýaryşa taýýarlanýan türgenlere hem oňyn täsirini ýetirýär.

— Olimpiýa oýunlaryndaky agyr atletika boýunça ýaryşlaryň geçýän wagtlaryny bilmegem gyzykly.

— Oýunlaryň çägindäki bäsleşigimiz, nesip bolsa, 24-nji iýulda badalga alar. 4-nji awgustda bolsa soňky bäsleşikler geçiriler. Şol gün adatdakylar ýaly agyr agramyň wekilleri bäsleşerler.

— Oýunlarda çykyş etjek agyr atletikaçylarymyzdan netijeli çykyşa garaşyp bolarmy?

— Nesip bolsa. Tokio Olimpiadasyndan tamamyz uly. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde häzirki wagtda türgenlerimize uly goldaw berilýär. Agyr atletika boýunça bäsleşiklere Hojamuhammet Toýçyýew (+109 kg), Öwez Öwezow (109 kg çenli), Rejepbaý Rejepow (81 kg çenli), Polina Gurýewa (59 kg çenli) hem-de Kristina Şermetowa (55 kg çenli) ýurdumyzyň adyndan wekilçilik ederler. Mundan öňki gazanan netijelerine ser salsak, onda olaryň medalçylaryň sanawyna goşulmaga uly mümkinçilikleriniň bardygyny görmek bolýar.

— Çary, «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýipdirler. Size-de, türgenlerimize-de üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris. Söhbetdeşlik üçin sag boluň!

—Sizem sag boluň!

Allanur ÇARYÝEW,

«Türkmen sporty».

Halkara hyzmatdaşlar