gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Beýleki habarlar
Türkmenistan 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününi bellenip geçiler.
02 Iýun, 2019 ý.

Dünýä ýurtlarynyň ählisinde bellenilişi ýaly 3 -nji iýunda Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçiler 

BMG-nyň Baş Assambleýasy 2018-nji ýylyň aprelinde geçen 72-nji maslahatynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Dünýäniň 56 döwleti bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi we bu resminama 198 döwlet tarapyndan biragyzdan  kabul edildi.

Bu gün ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişi we birnäçe sport çäreleri geçiriler. Baýramçylyk çärelerine daşary ýurtdan görnükli welosipedistleriň gatnaşmaklaryna garaşylýar. 
Welosportyň Olimpiýa oýunlaryna girizilen, dünýäde meşhur, giňden ýaýran sport görnüşleriniň biri bolup durýandygyny ýatladýarys. Onuň taryhy 1869-njy ýylda Fransiýada Pariž we Ruan şäherleriniň aralygynda geçirlen birinji iriýaryşdan başlanýar. 

2021-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde Welosportyň trek görnüşi boýunça Dünýä çemponaty geçiriler. Welosportyň trek boýunça dünýä çempinatyny kabul etmekde Aziýa şäherleriniň arasynda

Türkmenistanyň Paýtagty 3-nji orunda durar. Ozal bu ýaryşy Ýaponiýanyň Maebasi we Hytaýyň Gongkok şäherleri kabul etdiler. 

Halkara hyzmatdaşlar