gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Dawid Lappartýen: Welosipedçileriň Halkara birleşigi Türkmenistana öz minnetdarlygyny bildirýär.
04 Iýun, 2019 ý.

Welosipedçileriň Halkara birleşiginiň Prezidenti Dawid Lappartýen şu gün Welosipedçileriň Halkara birleşigi tarapyndan 2021-nji ýylda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek boýunça Aşgabat şäheriniň saýlanandygyny tassyklady. 

Ol Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosport ýörüşine badalga berilen ýerinde çykyş etdi. Bütindünýä welosiped gününi döretmek hakyndaky başlangyjyň özi aýratyn ähmiýete eýe.

Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedowyň hut özüniň tagallasy esasynda bu baýramçylyk halkara senenamasyna girizildi. 

Welosipedçileriň Halkara birleşmesi BMG-da bu baýramçylygyň öňe sürülmeginde alynyp barylan işler üçin Türkmenistana  we Türkmen Liderine öz minnetdarlygyny bildirdi.  

Köpçülileýin welosport ýörişine gatnaşan Hormatly Prezidentimiz, Bütindünýä welosiped gününiň bellenilmegi adamlaryň saglygynyň berkemegine, sportuň we bedenterbiýäniň ösmegine ýardam edýär diýip belläp geçdi.

 

Halkara hyzmatdaşlar