gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Aşgabatda çagalaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçiriler
30 Maý, 2019 ý.

Ýene-de sanlyja günden - 1-nji iýunda "Aşgabat" köpugurly sport toplumynyň ýanyndaky tennis kortunda 12 ýaşdan uly bolmadyk çagalaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti habar berýär. Sebit ýaryşy 7-nji iýuna çenli dowam eder.

Ýaryş Halkara tennis federasiýasy (ITF) bilen bilelikde geçirilýär. Oňa Owgansystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we biziň ýurdumyzdan 35-den gowrak ýaş tennisçiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşy baş emini eýranly hünärmen Saman Hassani Nafez bolar. Çempiony kesgitlejek aýgytlaýjy duşuşygy 6-njy iýunda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Halkara ýaryşyň geçirilýän günlerinde Özbegistanyň tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy Iroda Tulýaganowanyň hem hormatly myhman hökmünde paýtagtymyza gelmegine garaşylýar. Onuň Aşgabda saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli tennis merkeziniň we Özbegistanyň tennis federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyga gol çekmek hem meýilleşdirilýär. Meşhur özbek tennisçisi ýaş türkmen türgenleri bilen ussatlyk sapaklarynyň nobatdaky tapgyryny hem geçirer. Ýakynda iziň ýaş tennisçilerimiz Iroda Tulýaganowanyň ýolbaşçylygyndaky tennis mekdebinde türgenleşikde bolup gaýdypdylar.

Halkara ýaryş üçin taýýarlanan meýilnamada myhmanlary 1-nji iýunda garşylamak, 2-nji iýunda türgenleşik geçip, saýlama ýaryşlara badalga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, sebit ýaryşynyň duşuşyklary 6-njy iýuna çenli dowam eder. Ýaryşyň geçirilýän günlerinde myhmanlar üçin medeni çäreleriň we gezelençleriň uly toplumy göz öňünde tutuldy.

Halkara hyzmatdaşlar