gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Türkmen pälwanlary Ufada geçirlýän Ýewraziýanyň Söweş sungatlarynyň açyk oýunlaryna gatnaşarlar
16 Maý, 2019 ý.

“Başkortostan” teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, şu hepde-de Ufa şäherinde (Başgyrtystan Russiýa federasiýasy) Ýewraziýanyň Söweş sungatlarynyň II açyk oýunlary geçiriler. Bu oýunlar Başgyrtystanyň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.

Oýunlara Russiýanyň 40 sebitinden 3 müň türgen, şeýle hem,  Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri gatnaşyp söweş sungatlarynyň 15 görnüşi boýunça özara bäsleşerler. Ýaryş “Dinamo” stadionynda we Ufanyň Başkir lukmançylyk uniwersitetiniň sport toplumynda geçiriler.

Halkara hyzmatdaşlar