gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Türkmen boksçysy Nursähet Pazzyýew-Aziýanyň çempionatynda bürünç medalyň eýesi
25 Aprel, 2019 ý.

16-27-nji aprel aralygynda Bankogda (Taýland Patyşalygy) Boks boýunça Aziýanyň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa 35 döwletden 315 sany türgen gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň wekilleri hem bar.

Nursähet Pazzyýew 75 kg çenli agramda çykyş edip üçünji orna mynasyp boldy, ol Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýanyndaky “Olimp” orta sport mekdebinde boks boýunça tälimçi wezipesinde işleýär. Bu medalyň iň tasirli tarapy- türgeniň 4 ýyl arakesmeden soň bu ýaryşa gatnaşyp ýeňiş gazanmagydyr. Ýarym finalda N.Pazzyýew Siriýaly boksçydan ynamly üstün çykdy, ýöne esasy we aýgytly söweşde öz agramynda çykyş eden gazagystanly türgenden asgyn geldi.

Biziň watandaşymyz  2010-njy ýylda Singapurda geçen Ýetginjekleriň arasyndaky Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi bolup, 2012-nji ýylda Londonda geçen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy. 

Häzirki wagtda türkmen boksçynyň esasy maksady TOKIO 2020 Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak bolup durýar. Özüniň erjellik bilen alyp barýan türgenleşikleri esasynda Nursähet milli ýygyndy toparyň agzalygynda baş orunlarda durýar.

 

Halkara hyzmatdaşlar