gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň gurnamagynda Aşgabatda ýeňil atletika boýunça tälimçilere gysga wagtlaýyn okuw geçirilýär
27 Mart, 2019 ý.

         Aşgabatda ýeňil atletika boýunça tälimçileriň gysga wagtlaýyn okuwy başlandy. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden 20-den gowrak tälimçi çagyryldy. Okuwyň birinji gününde leksiýalar diňlenildi.Okuwa gatnaşýanlaryň öňünde Halkara Ýeňil atletika federasiýasynyň (IAAF) lektory ― Täjigistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň baş sekretary Ýewgeniý Şumarin we russiýaly hünärmen Ýelena Gridasowa çykyş etdi. Nazary okuwlar Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň binasynda geçirildi. Okuwyň tamamlaýjy gününde bolsa Olimpiýa şäherçesindäki desgalarda amaly dersler berler.
        Bu okuwlar Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň gurnamagynda Halkara Olimpiýa komitetiniň ýeňil atletika boýunça tälimçileri kämilleşdirmek üçin ýörite “Olimpiýa Raýdaşlygy” maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. 

 

Halkara hyzmatdaşlar