gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
“Aziýanyň çagalary” oýunlarynda medallaryň soňky toplumynyň ugrunda bäsleşilýär.
17 Fewral, 2019 ý.

“Aziýanyň çagalary” 1-nji gyşky sport oýunlarynyň jemleýji gününde  medallaryň soňky toplumynyň ugrunda   dag-lyža sporty, biatlon, şaýbaly hokkeý boýunça toparlar ýaryşýarlar.

Topar boýunça medallary gazanmakda 1-nji ýere Russiýanyň Ural federal okruglarynyň toparlary saýlandy, ikinji ýeri olaryň Moskwaly ildeşleri eýelediler, üçünji ýeri bolsa ýaryşyň ýer eýeleri Sahalin oblastynyň oglan-gyzlary jemlediler.

Agşamlyk Günorta-Sahalinskiň “Spartak” stadionynda “Aziýanyň çagalary-2019” birinji gyşky halkara oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi, oňa Sahalin oblastynyň gubernatory Waleriý Limarenko we bedenterbiýe, sport, turizm we ýaşlar işleri boýunça komitetiň döwlet dumasynyň birinji orunbasary Wýaçeslaw Fetisow gatnaşdy.

Şu mynasybetli bu ýerde geçirilen täsirli şüweleňde Sahaliniň häzirki zaman ýerine ýetirijileri, özboluşly halk döredijilik toparlary, zehinli ýaş aýdymçylar çykyş etdiler. Göwünleri galkyndyran owadan feýerwerk baýramçylygyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Bu ýaryşlarda Türkmenistanyň sportuň hokkeý hem-de figuralaýyn typmak görnüşleri wekilçilik etdiler.

8 günläp dowam ýaryşlaryň dowamynda ýurdumyzyň topary “Arena Siti” we “Kristall” sport toplumlarynyň buzly meýdançasynda yhlasly türgenleşikleri hem-de çykyşlary bilen türkmen sportunyň yzygiderli ösýändigini hem-de sportuň gyşky görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarda biziň türgenlerimiziň tejribeli garşydaşlary bilen deň bäsleşip biljek we olara mynasyp garşydaş bolup biljek günleriniň uzakda däldigini görkezdi.   

Halkara hyzmatdaşlar