gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
“Aziýanyň Çagalary-2019” Ilkinji gyşky sport oýunlary başlandy
10 Fewral, 2019 ý.

Russiýa Federasiýasynyň Ýužno-Sahalinsk şäherinde “Aziýanyň Çagalary-2019” Ilkinji gyşky sport oýunlary başlandy, oýunlara Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşýar. Güneşe baý bolan hem-de seýrek gar ýagýan ýurdumyzy 16 ýaşa çenli ýetginjeklerden düzülen hokkeý toparymyz hem-de figuralaýyn typmak boýunça iki türgen gatnaşýar.

9-njy fewralda Sahalin oblastynyň merkezindäki “Spartak” stadionynda bu sport baýramçylygynyň açylyş dabarasy bolda, oňa Wýetnamdan, Gonkogdan, Indoneziýadan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Kambojadan, Mongoliýadan, Nepaldan, Pakistandan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Tailanddan, Türkmenistandan, Filippinlerden, Ýaponiýadan ýetginjek türgenler, şeýle hem Moskwanyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Saha (Ýakutiýa) Respublikasynyň, Uzak Gündogar, Sibir we Ural federal okruglarynyň toparlary gatnaşýar.

Bir gün ozal ýaryşlaryň medallary tomaşaçylara we ýaryşlara gatnaşyjylara görkezildi hem-de Nyş atly siwuça (düwleniň bir görnüşi) simwoliki gowşuryldy. Düwlenleriň hut şu görnüşi bu ýerde geçirilýän oýunlaryň nyşany bolup durýar. 

Bir hepdäniň dowamynda sportuň dürli görnüşleri boýunça 30-a golaý basleşik geçiriler. Bäsleşikler sportuň sekiz görnüşi: biatlon, lyžaly ýaryşlar, figuralaýyn typmak, snoubord, dag-lyža sporty, hokkeý, konkili ylgamak, (şort-trek) we tramplinden lyžada bökmek boýunça geçirilýär.

11-nji fewralda türkmen hokkeýçileri Saha (Ýakutiýa) Respublikasynyň, Gazagystan we Russiýanyň Ural federal okrugynyň toparlary bilen duşuşarlar. Ýekelikde figuralaýyn typmak boýunça gyzlaryň arasynda ýaryşlar 13-nji fewralda başlanar.

Häzirki wagtda türgenler ýerli howa şertlerine uýgunlaşmak döwrüni geçýärler hem-de türgenleşýärler. Bu sebitleriň aýazly howa şertleri maýyl howa öwrenişen türkmenistanlylar üçin nätanaşdyr.

 

Halkara hyzmatdaşlar