gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
03 Dekabr, 2018 ý.
Tokyo 2020

Ýakynda ýurdumyzyň wekilçilikli topary Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen Milli Olimpiýa komitetleriniň Assosiasiýasynyň XXIII Baş Assambleýasyna gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň düzüminde Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary bar.

Halkara mejlise dünýä döwletleriniň 206-syndan 1400-den gowrak wekil gatnaşdy. Olaryň arasynda milli we halkara Olimpiýa komitetleriniň, halkara federasiýalaryň we iri ýaryşlaryň guramaçylyk komitetleriniň wekilleri bar. Mejlisiň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe we Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah gatnaşdy.

Baş Assambleýanyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Gruziýanyň, Bolgariýanyň, Ermenistanyň, Russiýanyň we Ýaponiýanyň Milli Olimpiýa komitetlerinden gelen wekiller bilen duşuşyklary geçirdiler. Ikiçäk duşuşyklarda sport boýunça hyzmatdaşlyk, türgenleriň “Olimpiada 2020-ä” taýýarlygy, halkara ýaryşlary geçirmekde tejribe alyşmak  ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hyzmatdaşlyk babatda iki taraplaýyn ylalaşyklara gelindi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary bu ýerde bolmagyň çäginde Bütindünýä kýorling federasiýasynyň ýolbaşçysy, şotlandiýaly hünärmen Keýt Katness bilen hem duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanda sportuň gyşky olimpiýa görnüşlerini ösdürmek bilen bagly boldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara federasiýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda bolsa ýakyn geljekde Türkmenistanda täze halkara ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatyny geçirmek barada pikir alşyldy. Bu işiň oňat miwesi hökmünde ýakynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty mysal getirildi. Oňa Ýer ýüzüniň 100-e golaý döwletinden bir ýarym müňe ýakyn wekil gatnaşypdy.

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty türkmen paýtagtynda “Aşgabat 2017-den” soňra geçirilen ikinji iri ýaryş bolmak bilen, Türkmenistanyň sportuň aglaba görnüşi boýunça islendik derejeli halkara ýaryşlary geçirmäge mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär.

Baş Assambleýanyň dowamynda şu ýyl Koreýa Respublikasynda geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň we Argentinada ýaýbaňlandyrylan ýaşlaryň Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilişi barada hasabatlar hem diňlenildi. Bellenilişi ýaly, sport ýaryşlary olaryň guramaçylary üçin hem ýokary üstünlige beslendi. Öňde duran iri ýaryşlar barada bolsa “Tokio 2020” Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň 2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetleriniň hasabatlary diňlenildi. Hususan-da “Tokio 2020-niň” guramaçylyk komitetiniň ýaryşlaryň geçiriljek desgalary bilen tanyşdyrylyşy has täsirli boldy. “Günüň dogýan ýurdundaky” Olimpiada türkmen türgenleri häzirden güýçli taýýarlyk görýärler. Baş Assambleýada 2024-nji ýylda Parižde, 2028-nji ýylda Los-Anželesde geiriljek Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetleriniň hasabatlary hem diňlenildi.

Baş Assambleýanyň barşynda XXV Gyşky Olimpiýa oýunlaryny (2026-njy ýyl) geçirmäge dalaşgär şäherler hem hasaba alyndy. Halkara Olimpiýa komiteti bu Oýunlaryň geçiriljek şäherini öňümizdäki ýylyň 23-nji iýunynda Lozannadaky mejlisinde yglan eder.    

 

Halkara hyzmatdaşlar