gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Biziň pälwanlarymyz — sambo we söweş sambo göreşi boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medallarynyň eýeleri
10 Noýabr, 2018 ý.
Sambo

Buharest (Rumyniýa) şäherinde geçirilen sambo we söweş sambo göreşi boýunça dünýä çempionatynyň bürünç medallarynyň dördüsi ýurdumyzyň sport gazananlarynyň üstüni ýetirdi. 

Hormat münberiniň üçünji basgançagyna iri halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek ýeňijisi, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Çarymyrat Annagurbanow çykmagy başardy. 100 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgenleriň on ikisiniň hatarynda biziň türgenimizden başga Ukrainanyň we Bolgariýanyň samboçylary öňe saýlandylar. 

Bürünç medallaryň ýene-de ikisini Milli Sport we syýahatçylyk institutynyň sport ussatlary Kerimberdi Döwletow (62 kg) we Jawlanbek Madaminow (90 kg) gazandylar. 

Bulardan başga-da, ýygyndy toparymyz + 100 kg. agram derejesinde hem medallary gazandylar. Şunda Türkmenistanyň sport ussady Babajan Iwadullaýew bürünç medalyna mynasyp boldy.

Halkara hyzmatdaşlar