gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Aşgabatda Olimpiýa ýollanmalary ugrunda göreş dowam edýär
04 Noýabr, 2018 ý.
Agyr atletika, Tokyo 2020

Barha bat alýan dünýä çempionatynyň ýaryşlary gyzyşýar. Çempionatyň 2-nji gününde Aziýa yklymyna wekilçilik edýän agyr atletikaçylar doly artykmaçlyk gazandylar. 45 kilograma çenli agramdaky zenanlaryň ýaryşynda tailandly Sukcharoen Thunya, 55 kilograma çenli agramdaky erkekleriň ýaryşynda demirgazyk koreýaly Om Yun  Chol çempion boldy. Şol agramlaryň Olimpiýa agramlary hökmünde hem kabul edilendigi üçin göreş dartgynly boldy. 

Dünýä çempionatynyň 3-nji gününde hem 3 agramda Olimpiýa ýollanmalary ugrunda göreşiler. 

Ilki bilen 49 kilograma çenli agramda çykyş edýän zenanlaryň arasynda kimiň dünýä çempionatynyň medallaryny gazanjakdygy belli ediler. Şondan soňra 61 kilograma çenli agramda çykyş edýän erkekler öz aralarynda kimiň hormat münberine çykmaga mynasypdygyny kesgitlärler. 49 kilograma çenli agramda bäsleşýän zenanlaryň çykyşy bilen dünýä çempionatynyň 3-nji güni tamamlanar.

Şu gün Olimpiýa ýollanmalary ugrunda göreşýän agyr atletikaçylaryň arasynda dünýä çempionatynyň we Olimpiýa oýunlarynyň baýrakly orunlarynyň eýeleriniň bardygyny bellemek gerek. Diýmek, bize gyzykly bäsleşikler garaşýar!

Laçyn BERDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Halkara hyzmatdaşlar