gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Türkmen ýygyndysynyň Riodaky ýaryşlaryň üçünji günündäki netijeleri
08 Awgust, 2016 ý.
Suwda ýüzmek, Thekwando, Agyr atletika, Ýeňil atletika

8-nji awgustda, hepdäniň birinji güni Rioda Olimpiadanyň üçünji güni geçdi.

Bu gün Türkmenistandan dzýudaçy Ruşana Nurjawowa we boksçy Arslanbek Açylow çykyş etdi. Gynansak-da, olaryň ikisi hem ýeňildi.

R.Nurjawowa 57 kg agrama çenli kategoriýada çykyş etdi. Wengeriýaly Karakas Hedvig bilen tutluşyk bary-ýogy 53 sekunt dowam etdi.

Boksçy A.Açylow 75 kg argama çenli kategoriýada çykyş etdi we gazanan utuklary boýunça wengriýaly garşydaşyndan ýeňildi.

Häzirki pursatda dokuz sany türkmen türgeniniň bäşisi ýaryşlardan çykdy.

10-njy awgustda Türkmenistandan agyr atletikaçy, 69 kg çenli agramda ýaryşa gatnaşýan Gülnabat Kadyrowa çykyş eder.

15-nji awgustda ýeňil atletikaçy Ýelena Rýabowa 200 metr aralyga ylgamakda ýäryşa gatnaşar.

16-njy awgustda ştangaçy Hojamuhammet Toýçyýew 105 kg-den ýokary agram kategoriýasynda ýaryşa gatnaşar.

17-nji awgustda Amanmyrat Hommadow çekiç zyňmakda ýaryşa gatnaşar.

Halkara hyzmatdaşlar