gün
sag
min
sek

Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

Soňky habarlar
Türkmen sportunyň Olimpiýa ugry: Тürkmenistanyň topary Braziliýa ugraýar
27 Iýun, 2016 ý.
Rio2016, Thekwondo

Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde  5-nji awgustdan 21-nji awgysty aralygynda Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde geçiriljek Olimpiada  türkmen türgenleriniň wekiliýetiniň ugramagy mynasybetli dabara geçirildi.

Ýurdumyzyň türgenleriniň dünýäniň iň esasy sport ýaryşyna ugramagy mynasybetli dabara  Sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň, beýleki sport bölümleriniň wekilleri, tälimçiler we öňdebaryjy türgenler gatnaşdylar.

Dabara ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXXI Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenlerine Ýüzlenmesini üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz türgenlerimiziň ýokary derejede çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemek bilen türkmen sportunyň abraýyny belende göterjekdiklerine ynam bildirýär.

Olimpiada türkmen türgenleri üçin möhüm synag bolup durýar. Onuň netijeleri öňde duran 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmäge milli ýygyndymyzyň taýýarlygy babatynda örän wajypdyr.

Halkara derejesinde guralan iri ýaryşlarda ildeşlerimiziň üstünlikli çykyş etmegi olaryň Rio-de-Žaneýroda üstünlikli çykyş etjekdiklerine umyt etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň ýokary netije görkezen birnäçe türgenleri baýraklara  dalaşgär bolup durýar. Olaryň arasynda 2014-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ýylyň iň gowy türgeni diýen derejä iki gezek eýe bolan dzýudo boýunça  halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa bar.

Arzyly Olimpiýa ýaryşlarynyň öňüsyrasynda  Çemengül Geldibaýewanyň we Gapur Babakulyýewiň  şägirdi Gran-pri ýaryşlarynyň dördüsinde  tapawutlanyp, ýurdumyza  iki altyn, kümüş we bürünç medallary getirdi. Şeýle hem ol ýazda geçirilen Aziýanyň çempionatynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy hem-de 2015-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda  bäşinji orny eýelemegi başardy. Bu üstünlikleri G.Babamyradowa dünýäniň hem-de olimpiýa sanawynyň iň güýçli dzýudoçylarynyň öňdäki onlugyna düşmäge mümkinçilik berdi.

Şu günki dabarada Gülbadam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sport bilen meşgullanmaga döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin tüýs ýürkden hoşallyk sözlerini aýtdy.  Sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýokary netijeleri gazanmaga borçly edýär. Şeýle hem ol Braziliýada geçiriljek Olimpiadada ýurdumyzyň sporty söýüjilerini sport düşekçesinde owadan hem-de  netijeli tutluşyklar bilen begendirmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Ol 52 kilogram agram derejesinde medallar ugrunda göreşer.

Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndy toparynyň düzüminde  Arslanbek Açylowyň üstünlikli çykyş etjekdigine hem umyt bildirilýär. Ol iýun aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen boks boýunça dünýä çempionatynda aýgytlaýjy duşuşygyna çykmagy başardy. Bu duşuşyga çenli ildeşimiz Täjigistanyň, Taýpeýiň, Şweýsariýanyň, Italiýanyň we Hindistanyň türgenlerini ynamly ýeňmegi başardy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Gurbanowyň şägirdiniň, sport synçylarynyň pikiri boýunça dünýäniň çempiony bolmaga doly mümkinçiligi bardy, ýöne şikes almagy oňa aýgytly duşuşykda çykyş etmäge mümkinçilik bermedi.  

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan boksçymyzyň tälimçisiniň özüniň hem 2008-nji ýylda Pekindäki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşandygyny bellemek gerek. 2012-nji ýylda Londonda, şeýle hem bu geçjek Rio-de –Žaneýrodaky Olimpiýa oýunlarynda Ş.Gurbanow tälimçi hökmünde ýurdumyza wekilçilik edýär.

2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Bütindünýä uniwersiadasynyň agyr atletika boýunça  rekordsmeni Hojamuhammet Toýçyýew ýazda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde bolan Aziýanyň çempionatynda iki görnüş boýunça kümüş medaly eýeläp, olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ildeşimiz 105 kilogramdan ýokary agram derejesinde tapawutlanmagy başardy. Ol silkip götermekde 190 kilogramy, itekläp götermekde bolsa 237 kilogramy götermegi başardy. Bu netije H.Toýçyýewe diňe bir olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk bermän, täze milli rekordymyzy goýmagyna hem getirdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Olimpiýa ýygyndysynyň toparynda  Gülnabat Kadyrowa (agyr atletika), Röwşen Nurjowow (dzýudo), Amanmyrat Hommadow we Ýelena Rýabowa (ýeňil atletika), Merdan Ataýew bilen Darýa Semýonowa (suwda ýüzmek) dagy dünýäniň iň güýçli türgenleri bilen bäsleşip, uly sport tejribesine eýe bolar.

Indi olar  Bütindünýä olimpiýa oýunlarynda özleriniň maksada okgunlylygyny görkezmeli. Biz ildeşlerimizden ajaýyp ýeňişlere garaşýarys. Şeýle ýeňişlere türkmen sportunyň ösüşine hemme tarapdan uly goldaw berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan hemişe ýokary baha berilýär. Türkmen sportunyň abraýyny tutuş dünýä ýüzünde ýokary göterýän ýurdumyzyň iň gowy türgenlerine gujur-gaýratlary, ussatlyklary üçin milli Liderimiziň ýokary hökümet derejesindäki sylaglary we baýraklary bermegi olary täze ýeňişlere we üstünliklere ruhlandyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Halkara hyzmatdaşlar