Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

  • Orny we maksady

    Halkara olimpiki komitet Olimpiki hereketiň ýokary edarasy bolup durýar.

Olimpiki maşgalalaryň, Milli olimpiki komitetleriň (MOK), Halkara sport federasiýalaryň (IF), türgenleriň, Olimpiki oýunlaryň Guramaçylyk komitetleriniň (OOGK), TOP hyzmatdaşlarynyň, habar beriş hyzmatdaşlaryň we Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň ähli gatnaşyjylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýardam beriji bolmak bilen Halkara olimpiki komitet (HOK) giň gerimleriň maksatnamalaryň we taslamalaryň kömegi bilen şowlulygy gazanýar. Onuň netijesinde, ol Olimpiki oýunlaryň yzygiderli dabaralanmasyny üpjün edýär, olimpiki hereketiň ähli agzalyk guramaçylyklaryny goldaýar we degişli görnüşde olimpiki gymmatlyklary öňe sürmegi nygtaýar.

Olimpiki hartiýa laýyklykda HOK orny indikide jemlenýär:

  • Sportda etika, şeýle-de ýaşlaryň bilimine ýol bermek we goldamak hem-de sportda çyn oýnuň ruhynyň bolmaklygyny we zorlugyň aýrylmagyny üpjün etmek boýunça öz güýçlerini siňdirmek;
  • Guramany, sport we sport bäsleşikleriň ösüşini we koordinasiýasyny öňe sürmek we goldamak;
  • Olimpiki oýunlaryň yzygiderli dabaralanmasyny üpjün etmek;
  • Sporty adamzat üçin gulluk etmeginde ýokary döwlet ýa-da hususy guramalar we hökümetler bilen hyzmatdaşlyk etmek we şonuň bilen parahatçylygy goldamak;
  • Olimpiki hereketiň ýeke-täkligini berkitmek we garaşsyzlygyny goramak üçin çäreleri kabul etmek;
  • Olimpiki herekete degýän diskriminirlemäniň dürli görnüşine garşy hereket etmek;
  • Erkekleriň we aýallaryň deňlik ýörelgesini amala aşyrmak maksady bilen sportuň ähli derejelerinde we gurluşlarynda aýallary goldamak;
  • Sportda dopinge garşy göreşmek;
  • Türgenleriň saglygyny goramak boýunça çäreleri öňe sürmek we goldamak;
  • Sportuň we türgenleriň syýasatda ýa-da söwdada hyýanatçylykly ulanylmagyna garşy durmak;
  • Sportuň we türgenleriň syýasatda ýa-da söwdada hyýanatçylykly ulanylmagyna garşy durmak;          
  • Sportuň hemmeler üçin ösüşini öňe sürmek we goldamak;
  • Tebigy meseleler barada jogapkär aladany öňe sürmek we goldamak, sportdaky durnukly ösüşe ýardam bermek we degişli Olimpiki oýunlaryň geçirilmegini talap etmek;
  • Olimpiki oýunlaryň şowhunly mirasyny kabul ediji şäherlerde we kabul ediji döwletlerde öňe sürmek;
  • Sportu medeniýet we bilim bilen utgaşdyrýan inisiatiwleri öňe sürmek we goldamak;
  • Özüni olimpiki bilime bagyşlaýan Halkara olimpiki akademiýasynyň (HOA) we beýleki edaralaryň işini öňe sürmek we goldamak.

Halkara hyzmatdaşlar