Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

  • Olimpiki hereket

    Olimpiki hereket – bu HOK ýokary ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ylalaşykly, guramaçylykly, uniwersal we hemişelik hereketler

Olimpik hereketleri – bu Halkara Olimpiýa Komitetiniň, olimpizmiň gymmatlyklary bilen ruhlanan ähli adamlaryň we guramalaryň ýokary ýolbaşçylygy astynda amala aşyrylýan ylalaşylan, guramaçalykly, köptaraply we hemişelik hereketlerdir. Ol bäş sany yklymy öz içine alýar. Ol beýik sport festiwalynda Olimpiýa oýunlarynda dünýäniň türgenleriniň gatnaşmagynda özüniň ýokary derejesini gazandy. Onuň nyşany – biri-biriniň arasyndan geçen bäş sany halka. Olimpiýa hereketininň maksady – ýaşlara olimpizm we onuň gymmatlaryna laýyklykda amala aşyrylýan sporty öwretmek arkaly parahatçylykly we oňat dünýäni emele getirmäge ýardam etmekden ybarat. 

Olimpiýa hereketine degişli bolmaklyk Olimpiýa çarterini ýerine ýetirmegi we Halkara olimpiýa komitetini ykrar etmegi talap edýär. Olimpiýa hereketiniň esasy üç sany gatnaşyjysy – Halkara olimpiýa komiteti (HOK), Halkara sport federasiýalary (HSF) we Milli olimpiýa komiteti (MOK). Bu esasy üç sany düzüme goşmaça Olimpiýa hereketi Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetlerini, halkara assosiasiýalaryny, klublary hem-de Halkara sport federasiýalaryna we Milli olimpiýa komitetlerine degişli bolan adamlary, aýratyn hem bähbitleri Olimpiýa hereketiniň başlangyç elementini düzýän türgenleri, şeýle hem kazylary, türgenleri we beýleki sport işgärlerini we tehnikleri öz içine alýar. Şeýle-de ol HOK tarapyndan ykrar edilen beýleki guramalary we edaralary öz içine alýar.

Halkara hyzmatdaşlar