Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti

  • MOK

    Türkmenistanyň MOK işine döwlet edaralarynyň we olaryň wekilleriniň goşulyşmagy, şeýle-de Türkmenistanyň MOK döwlet edaralarynyň we olaryň wekilleriniň işine goşulyşmagy ygtyýar edilmeýär.

Türkmenistanyň MOK işine döwlet edaralarynyň we olaryň wekilleriniň goşulyşmagy, şeýle-de Türkmenistanyň MOK döwlet edaralarynyň we olaryň wekilleriniň işine goşulyşmagy ygtyýar edilmeýär. Türkmenistanyň MOK, öz içine onuň hukugynyň astyndaky erkin bellemeleri we sport gözegçiligi, gurluş kesgitlemeleri we onuň guramaçylygynyň dolandyrylyşy, dürli daşky täsirden garaşsyz bolan saýlama hukugy, we bähbitli dolandyryş ýörelgesiniň ulanylmagyny üpjün etmek üçin jogapkärçiligi alýan özbaşdaklygyň hukuklaryna hem-de borçlaryna eýedir.

Türkmenistanyň MOK öz özbaşdaklygyny saklamaly we basyşyň dürli görnüşlerine garşy durmaly, MOK işi, Türkmenistanyň ähli çägindäki hakyky Düzgünde göz öňünde tutulan öz ygtyýarlygynyň çäklerinde amala aşyrmaly.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komiteti (soňra Türkmenistanyň MOK diýip atlandyrylýan) meýletin, hökümet däl, öz özüni dolandyrýan, Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) diýip yglan edilen şahsy medeniýet we sport boýunça täjirçilik däl jemgyýetçilik guramasy. 

Türkmenistanyň MOK öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Raýat kodeksine, Jemgyýetçilik birleşmeleri hakyndaky Kanunyny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Olimpiýa hartiýasyny we şu Düzgünamany goldanýar.

Türkmenistanyň MOK öz maksatlaryny syýasy, jyns, millet, dini ýa-da beýleki häsiýetli hukuk kemsitmelerini döretmezden amala aşyrýar.

Türkmenistanyň MOK özüniň içki gurluşyny, maksatlaryny, görnüşlerini we öz işiniň usullaryny kesgitlemäge erkindir.

Türkmenistanyň MOK, şu Düzgünamada göz öňünde tutulan ytgyýarlyklarynyň  çäklerindäki hukugy Türkmenistanyň ähli çägine ýaýraýar. 

Türkmenistanyň MOK, Olimpiýa hartiýasyna böwet boljak syýasy, hukuk, dini ýa-da ykdysady basyşlary goşmak bilen, emma çäklenmän öz özbaşdaklygyny saklamaly we basyşyň dürli görnüşlerine garşy durmaly. Şol bir wagtda öz maksadyna ýetmek üçin Türkmenistanyň MOK döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýär we her bir guramanyň hukugyny hem-de jogapkärçiligine düşünmek we sylamak bilen döwlet edaralary bilen sazlaşykly hem-de önümçilikli gatnaşygy ösdürmek we goldamak üçin çykyş edýär. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň MOK Olimpiýa hartiýasyna garşy durýan başga işler bilen deňeşdirilmeýär. 

Şeýle hem Türkmenistanyň MOK hökümet däl guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip bilýär.    

Gurama edara tarap, jemgyýetçilik birleşikleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulýan hukuklardan peýdalanýar we jogapkärçilikleri çekýär.

Gurama öz adyndan emläk we emläk däl hukuklaryny alyp, jogapkärçiligi çekip, pulhanalarda jogapkär we talapkär, kanun maksatlaryna ýetmek gyzyklanmalarynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ylalaşyklary amala aşyryp bilýär. 

Guramada aýratyn emläk we garaşsyz balans, bank edaralarynda manat we walýuta hasaplary, öz ady bilen möhür bar. Gurama öz baýadagyna, emblemasyna, şelpesine we hasaba alynmaga we Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda hasaba alynmaga rugsat edilýän beýleki nyşanlara eýe bolmaga hukugy bar. 

Türkmenistanyň Milli olimpiki komitetiniň Baş-nokady Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Köç. Garaşsyzlyk, 76/1.

Türkmenistanyň MOK esasy wezipeleri:

  • Olimpiki hartiýasyna laýyklykda döwletde olimpiki hereketi hemme taraplaýyn ösdürmek we goramak;
  • Fiziki medeniýet we sportuň üsti bilen Türkmenistanyň raýatlarynyň olimpiki bilimine, fiziki we ruhy terbiýesine ýardam bermek;
  • Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin sporty we ýokary gazanmaly sporty ösdürmäge ýardam bermek;
  • Halkara meýdançada sportuň türkmen görnüşlerini ýagdaýyny berkitmek we abraýyny galdyrmak;

Türkmenistanyň MOK wezipeleri:

  • Türkmenistanyň ilatynyň arasynda olimpizmyň esaslandyryjy ýörelgelerini ýaýratmak;
  • Okuw edaralarynda olimpizm, olimpiki hereketiň we Olimpiada oýunlarynyň bilimini ýaýratmak;
  • Olimpiki bilimini ösdürmäge gönükdirilen iş bilen meşgullanýan edarany döretmekde kömek bermek;
  • Olimpiki akademiýalara, olimpiki muzeýlere, şeýle hem olimpiki hereketler bilen bagly bolan medeni maksatnamalara goldaw bermek;
  • Köpçülikleýin sportyň, halk sportynyň we sportuň milli görnüşleriniň ösdürilmegine ýardam bermek;
  • Sportuň medeni we bilim beriji mümkinçiliklerini we onuň bilen bagly bolan ahlak, estetiki we beýleki gumanistiki gymmatlyklaryny durmuşa ornaşdyrmak;
  • Türkmenistanyň MOK agzalary üçin “Olimpiki raýdaşlyk” maksatnamasynyň çäklerinde çäreleri geçirmek;
  • Maýyplaryň arasynda fiziki terbiýäniň we sportuň guramaçylygyna kömek bermek;
  • Sportsmenleriň medesina hyzmatyny we saglygyny öňe sürmek we goldamak
  • Jebis baglanşyk we sport hem-de ruhy taýdan iki taraplaýyn baýlaşdyrmak üçin şertleriň döredilmegi;
  • Sportda we durmuşda wyždanyň we bilimliligiň maksatlaryny we ýörelgelerini ýaýratmak;
  • Olimpiki oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndylaryny taýýarlamak we şowly işlerini üpjün etmek boýunça çäreleri geçirmek;
  • Türgenleriň, türgençileriň, sport eminleriniň, fiziki medeniýetiň we sportuň weteranlarynyň gyzyklanmalaryny goramak;
  • Köpçülikleýin sportuň we ýokary gazanmaly sportuň bähbidine gaznalary we haýyr-sahawat guramalaryny döretmek we goldamak;
  • Türkmenistanyň Milli olimpiki komitetiniň gyzyklanmalar ulgamynda döreýän ähli soraglar boýunça ylmy-tejribe maslahatlary, duşuşyklary we hünär okuwlaryny guramak;
  • Sportda dopingleriň ulanylmagynyň we beýleki ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak
  • MOK tarapyndan bellenilen hökmany çärelerini geçirmek we gatnaşmak;
  • MOK, ANK, OSA we beýleki dünýä sport guramalarynyň we assosiassiýalaryň maksatnamalaýyn çärelerine gatnaşmak;
  • Gurşap alýan gurşawyň goragyna işjeň gatnaşmak.

Halkara hyzmatdaşlar