English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy türgenleriniň topary Daşkentde agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler
26 Aprel, 2021 ý.

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy türgenleriniň topary Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşdylar. 

Zenanlaryň toparyndaky bäsleşiklerde Türkmenistandan: Ýulduz Jumabaýewa (49 kg-a çenli agramda), Kristina Şermetowa (55 kg-a çenli agramda), Polina Gurýewa (69 kg-a çenli agramda) Gülnabat Kadyrowa (71 kg-a çenli agramda), Aýsoltan Toýçyýewa (81 kg-a çenli agramda) çykyş etdiler. Erkekleriň arasynda – Seýitjan Mirzaýew (61 kg-a çenli agramda) Maksat Meredow (73 kg-a çenli agramda), Rejepbaý Rejepow (81 kg-a çenli agramda), Rüstem Annaberdiýew (89 kg-a çenli agramda), Öwez Öwezow (109 kg-a çenli agramda), Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg-dan ýokary agramda) çykyş etdiler.

10 Ýurtdan gelen 13 türgenleriň arasynda Bedenterbiýe we sport institutynyň 1-njy ýyl talyby Seýitjan Mirzaýew 61 kg çenli agramda silterläp götermekde 133kg netijesi bilen kümüş medalyna mynasyp boldy. 

Ýokary netijeli sport ussatlygyň mekdebiniň uçurymy, Bedenterbiýe we sport institutynyň 21-ýaşly talyby Maksat Meredow, itekläp götermekde we iki synanşygyň jemi boýunça kümüş medallaryň ikisini eýeledi. Ol 73 kg çenli agramda öz şahsy rekordy bilen 336 kg netijesini (silterläp – 147 kg, itekläp – 189 kg) 9 ýurtdan gelen 10 türgeniň arasynda gazandy. 

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň sport mekdebiniň tälimçisi, sport ussady Gülnabat Kadyrowa agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň hasap goruna üç medalyny goşdy. Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewyň 26-ýaşly şägirdi Gulnabat Kadyrowa Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna  girmeýän 71 kg çenli agramda silterläp götermekde 102 kg netijesi bilen altyn medalyny, itekläp götermekde 121 kg netijesi bilen bürünç medalyny we iki synanşygyň jemi boýunça 223 kg netijesi bilen kümüş medalyny gazandy.   

81 kg çenli çykyş eden 29 ýaşly, at gazanan sport ussady Rejepbaý Rejepow iki görnüş boýunça 341 kg (156+185) agramy galdyryp, üçünji ýere mynasyp boldy we ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň hasap goruna bir bürünç medaly goşdy. Bu agramda 9 ýurtdan 10 türgen özara bäsleşdi.

Marydan sport ussady Aýsoltan Toýçyýewa silterläp we iki synanşygyň jemi boýunça bürünç medallaryň ikisini eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ikram Mätkarimowyň 24 ýaşly şägirdi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna  girmeýän 81 kg çenli agramda şeýle netije gazandy, bu agram derejesinde 7 ýurtdan 8 türgen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi. Aýsoltan iki synanşykda 218 kg (silterläp – 96 kg, itekläp – 122 kg) netijesini görkezdi. 

Şeýlelikde Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy türgenleri Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşyp, jemi 1 altyn medal, 4 kümüş we 4 bürünç medallary gazandylar.  

Halkara hyzmatdaşlar