English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Tokio-2020 Olimpiýa oýunlarynyň alaw estafetasy başlandy
25 Mart, 2021 ý.

Şu gün, Ýaponiýanyň Fukuşima prefekturasynyň şäherinde "Tokio-2020" Olimpiýa oýunlarynyň alaw estafetasy başlandy. Olimpiýa oýunlarynyň alaw estafetasy 121 günüň dowamynda Ýaponiýanyň 47 prefekturasyndan geçip, 23-nji iýulda Olimpiýa oýunlaryň açylyş dabarasyna baryp gowuşar. 

Olimpiýa oýunlaryň alaw ugry Ýaponiýanyň aglaba böleginden gysga aralykda geçip, ol ýurduň 859 häkimliginiň üstünden syýahat eder.   

Alaw estafetasy Fukuşimanyň Naraha şäherindäki J-Village Milli futbol tälim merkezinde başlandy. Hut şu ýer, soňky döwürde Ýaponiýada we bütin dünýäde ýüze çykan kynçylyklary göz öňünde tutup, Olimpiýa alawynyň umyt we parahatçylyk nyşanyny görkezýän, “Tokio-2020” Olimpiýa alaw estafetasynyň “Umyt ýolumyzy ýagtylandyrýar” düşünjesine laýyk gelýär.

Çeşme: www.olympic.org

Halkara hyzmatdaşlar