English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
“Tokio-2020” Olimpiýa oýunlary daşary ýurtly janköýerleri gatnaşdyrylmazdan geciriler
24 Mart, 2021 ý.
Tokyo 2020

Ýapon tarapy, bäş taraplaýyn duşuşygynda, Halkara Olimpiýa Komitetine (HOK) we Halkara Paralimpiýa Komitetine (HPK) “Tokio-2020” Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda daşary ýurtly janköýerleri baradaky netijesini mälim etdiler. Bu teklip, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň we ýapon halkynyň howpsuzlygyny goramak maksady bilen, HOK we HPK tarapyndan doly makullandy we kabul edildi.

Geçirilen duşuşykda, “Tokio-2020” Guramaçylyk Komitetiniň beýannamasyna laýyklykda, «Tokio 2020» Olimpiýa oýunlaryna koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtly sport janköýerleriniň gatnaşdyrylmazlyk kararyna gelinendigi barada HOK-a we HPK-a habar berildi. Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna daşary ýurtly janköýerleri tarapyndan “Tokio-2020” Guramaçylyk Komitetinden satyn alnan petekleri yzyna gaýtarylar.

“Biz dünýä ýüzündäki Olimpiýa oýunlarynyň ähli janköýerleriniň, şeýle hem oýunlara gelmegi meýilleşdiren türgenleriň ýoldaşlarynyň we maşgala agzalarynyň gynançlaryny deň derejede paýlaşýarys. Bu ýagdaý üçin hakykatdan hem gynanýaryn. Bu biziň her birimiz üçin uly ýitgi boldy."-diýip Tomas Bah aýtdy.

Halkara hyzmatdaşlar