Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň geçiren ýygnagynyň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Röwşen Muhadow bellenildi.
59 ýaşly türkmenistanly hünärmen tälimçilik ýolunda «Nisa» hem-de «Ahal» toparlaryny türgenleşdirdi. 2000-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň ilkinji legioner futbolçysy hökmünde Türkiýäniň «Gençlerbirligi” toparynda çykyş etdi.
2003-2007-nji ýyllaryň aralygynda Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysynyň, şol bir wagtda ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisiniň wezipesini ýerine ýetirdi. 2011-nji ýylyň sentýabrynda AFK-nyň Pro ygtyýarnamasyny aldy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň häzirki wagtda 2022-nji ýylda Katar döwletinde geçiriljek Dünýä çempionatynyň hem-de 2023-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň deslapky tapgyrynyň «H» toparçasyndaky saýlama duşuşyklaryna taýýarlyk işlerini alyp barýar.
Çeşme: www.tff.com.tm