English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesine täzeden saýlanyldy
11 Mart, 2021 ý.

Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň prezident wezipesine dört ýyllyk möhleti bilen täzeden saýlandy. Wirtual görnüşde geçirilen Halkara Olimpiýa komitetiniň 137-nji mejlisinde 67-ýaşly Tomas Baha prezident wezipä saýlanmagy üçin hereket edýän 94 agzasyndan  93 agzasy  onuň bellenilmegine ses berdi. 1976-njy ýylda geçirilen Monrealdaky Olimpiýa oýunlarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň milli ýygyndy toparynda sportuň Gylyçlaşmagy boýunça altyn medalynyň eýesi, Tomas Bah HOK-niň prezident wezipesine ilkinji gezek 2013-nji ýylyň Buenos-Aýres şäherinde sekiz ýyllyk möhleti bilen saýlanyldy. 

Tomas Bahyň wezipede bolmagynyň möhleti 8-nji awgustda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň soňky gününe düşüp tamamlanýar. Onuň HOK-niň prezidenti wezipesinde bolmagynyň ikinji möhleti Olimpiýa oýunlarynyň tamamlanan wagtyndan 2025-nji ýyla çenli dowam eder.   

Çeşme: olympic.org

Halkara hyzmatdaşlar