English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Ýulduz Jumabaýewany we onuň tälimçisini sylaglamak üçin Medal gowşurylyş dabarasy geçirildi
11 Mart, 2021 ý.

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine gelip, bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda mynasyp bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Dabara gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol wakanyň türkmen sporty üçin, bütin ýurdumyz üçin ähmiýetli bolandygyny belledi.

Milli Liderimiz: “Biz Halkara Agyr atletika federasiýasy tarapyndan 45 kilogram agramdaky türgenleriň arasynda dünýäniň çempiony diýlip ykrar edilen, milli ýygyndy toparymyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewany sylaglamak üçin ýygnandyk.” – diýip, öz çykyşyny dowam etdirdi.

Soňra Hormatly Prezidentimiz Ýulduz Jumabaýewa 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda mynasyp bolan altyn medalyny gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Maýkl Iranä  we Halkara agyr etletika federasiýasynyň baş kätibi, Aziýanyň agyr atletika federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Mohammed Jaluda söz berildi. Olar sanly wideoaragatnaşyk arkaly dabara gatnaşyjylara ýüzlenip,        dabaranyň guralandygy we oňa wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilendigi üçin onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentine sag bolsun aýtdylar we sportuň bu görnüşiniň netijeli ösmegi babatda edýän tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler.

Olimpiýa şäherjiginiň “Sport”  myhmanhanasynyň eýwanynda ýokary derejeli sporty ösdürmekde ýurdumyzyň gazananlary, türkmen türgenleriniň halkara we dünýä ýaryşlarynda mynasyp bolan abraýly baýraklary barada gürrüň berýän giňişleýin sergisi, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna  laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge goşan şahsy goşandy, halkara ýaryşlarynda mähriban Watanymyzyň sport abraýyny goramakda uly üstünlikleri gazanandygy üçin  Türkmenistanyň  “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medaly bilen sylaglandy. Şeýle hem, Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, türgene 2020-nji ýylda goýberilen, ak reňkli “Lexus LX 570 Sport Plus” kysymly ýeňil awtoulagy sowgat berildi.

Dabaranyň dowamynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy M.Sähetmyradowy “Watana bolan söýgüsi üçin” medal bilen sylaglamak hakyndaky Permany okaldy. Bellenilişi ýaly, bu sylag tälimçini has-da netijeli işlemäge we ýokary taýýarlykly ussat türgenleriň sanyny artdyrmak ugrunda zerur tagallalary etmäge ruhlandyrýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, tälimçi-mugallym M.Sähetmyradowa halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygy üçin täze ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuryldy.

“Sport”  myhmanhanasynda geçirilen dabaraly çärede döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri üçin ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewi Türkmenistanyň “Gaýrat”  medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy okaldy.

Sylaglara mynasyp bolanlar ýurdumyzda, sporty wagyz etmek, netijeli işlemek, dürli ugurlarda bolşy ýaly, sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanmak babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar döredilýän oňyn mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmak we ýaşlary beýik sport ýeňişlerine ruhlandyrmak ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Çeşme: tdh.gov.tm

Halkara hyzmatdaşlar