English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Welosport Türkmenistanda täze ösüşlere eýe bolýar
20 Fewral, 2021 ý.
tdh.gov.tm

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow “Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.
Diýarymyzyň welosiped sportunyň üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän hem-de türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň gatnaşmagyny gazanmaga, türkmen sportunyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, Olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijesidir.
Şol üstünlikleriň hatarynda giň gerimli welosipedli ýöriş çäreleriniň guralmagy, 2018-nji ýylda geçirilen welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişiň geçirilimegi bilen onuň täze dünýä rekordy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bar. Şu ýyl ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi hem Türkmenistanyň kuwwatly sport döwleti hökmünde ykrar edilýändiginiň tassyklanmasydyr. 
Bu ugurda milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen, 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmeginiň hem-de bu senäni ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzda “Welosiped” binasynyň açylmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Munuň özi Türkmenistanyň Olimpiýa taglymatyna ygrarlydygyny görkezýän işlerdir. 
Türkmen türgenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda we dünýäde türkmen welosiped sportunyň abraýyny artdyrmak üçin şertleri döretmek maksady bilen ýakyn bäş ýyl üçin welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasy köp ugurly işleri özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de sportda ýokary gazanylanlary has-da ösdürmek, şol sanda şu ýyl Aşgabatda trekde welosiped ýaryşlary boýunça dünýä çempionaty bilen birlikde, iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeleriň çözülmegine ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Bu bolsa “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän ýylda aýratyn wajypdyr.
Sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň birine öwrüldi, şonuň netijesinde, Türkmenistan iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen maksatnamanyň taslamasy boýunça birnäçe öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny berip, ony döwrüň talabyna laýyk derejede täzeden taýýarlamagyň möhümdigini belledi. 
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimizden miras galan “At almankaň, eýer al” diýen parasatly nakyly mysal getirip, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmegiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap ulgamyny döretmek, welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak hem-de welosiped ýodalaryny çekmek, welosiped bejerýän ussalary taýýarlamak, adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän punktlaryny açmak hem-de seýilgähiň içinde welosiped ýodalaryny çekmek boýunça işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 
Hormatly Prezidentimiz mundan beýläk ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar gurlanda şu talaplaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, munuň ilatyň giň gatlaklaryny sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmekde welosiped sportunyň uly ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady.
Welosiped ulagyň iň elýeterli, esasy bolsa ekologiýa taýdan örän arassa, peýdaly we sagdynlygy üpjün edýän görnüşidir. Hormatly Prezidentimiz welosiped sportunyň ösdürilmegini daşky gurşawy goramaga hem-de halkymyzyň saglygyny üpjün etmäge biziň goşýan goşandymyzdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Halkara hyzmatdaşlar