English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri sport psihologiýa dersi boýunça okuwlara gatnaşýarlar
15 Fewral, 2021 ý.
orient.tm

Sentýabr aýynyň 6-12 aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Dewisiň Kubogynyň taýýarlyk işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy we “IDea” bilim merkezi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň türgenleri üçin  sport psihologiýa dersi boýunça okuwlary gurnaldy. 
Okuwlary psihologiýa boýunça ussat hünärmen Irina Dowletowa geçirýär. Ol Russiýa Federasiýasynyň Halkara Olimpiýa uniwersitetiniň sport psihologiýasy ugry boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlaryny üstünlikli tamamlady. Bu uniwersitet Halkara Olimpiýa Komitetiniň sebitleýin Olimpiýa ylmy-barlag merkeziniň derejesindaki dünýade ilkinji ýokary bilim edarasy bolup durýar.        
Okuwlaryň dowamynda dürli mysallar öwrenilip, esasanda ünsüňi jemleme, psihologiki durnuklylygy, emosional täsirlenme we ýaryş wagtyndaky başdan geçirmeleri özünde jemleýär. Sport bilen meşgullananda adam ýokary fiziki we psihologiki täsirini duýýar we şunuň bilen baglylykda ol ýaryşlara psihologiki we fiziki tarapyndan taýýarlykly bolmaly.
Psihologiki taýýarlygyna aýratyn üns berýän türgenler, ýokary netijeleri gazanýarlar. Sport psihologi türgenlere, olaryň ýaryş wagtynda erkini kämilleşdirmägi we mümkinçiliklerine dogry baha bermäge päsgel berýän gorkylary we beýleki meseleleri aradan aýyrmaga mümkinçilikleri öwredýär. 
Okuwlar Dewisiň Kubogy ugrundaky taýýarlyk döwrüniň wagtynda dowam eder.             

 

Halkara hyzmatdaşlar