2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyñ Tennis Federasiýasynyň baş kätibi E.Dowletow we Türkmenistanyñ Milli Olimpiýa Komitetiniň baş kätibi A.Akmämmedow bilen Halkara Tennis Federasiýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Gün tertibinde ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň sebitleýin IV toparynyň duşuşyklarynyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara Tennis Federasiýasy, geçiriljek duşuşyklara öňünden taýýarlyk işlerine başlanandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.