English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
PEKIN 2022 ATLY MEDENI GLOBAL SYÝAHATÇYLYK ÇÄRELERI BAD ALDY
29 Ýanwar, 2021 ý.
orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde 2022-nji ýylda geçiriljek Gyşky Olimpiýa Oýunlarynyň Global derejesini ýokarlandyrmak we halkara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak maksady bilen, Pekin 2022 atly medeni Global syýahatçylyk çäreleri bad aldy.  
Syýahatçylyk işleriň çäklerinde geçiriljek medeni çäreleri, daşary ýurtdaky hytaý medeni merkezlerini we syýahatçylyk ofislerini onlaýn-taslamalary döretmegi maksady bilen birleşerler.    
Indiki ýylyň ýanwar aýyndan iýun aýyna çenli dünýa jemgyýetçiligi Gyşky Olimpiýa Oýunlary bilen tanyşdyrmak maksady bilen gurnaljak çäreleri 49 döwletleriniň 54 şäherlerinde geçiriler. 
Pekin 2022 guramaçylyk komitetiniň Baş Kätibi Han Zirong öz çykyşynda, bu syýahatçylyk çäreleri, Pekin Olimpiadasynyň gerimini giňeltmekde innowasion usuly bolar diýip belledi.    
4-nji fewralda Pekindäki Gyşky Olimpiýa Oýunlarynyň başlamagyna  bir ýyl bolar. Bu ýagdaý bilen baglylykda 15 olimpiýa oýunlaryň görnüşlerinden 11-de kwalifikasion ýaryşlary, şeýle hem 2022 Olimpiýa oýunlaryň meýilnamasyna girjek oýunlaryň 15 görnüşinden 13-de halkara ýaryşlary başlanar.
Pekin Gyşky we Tomysky Olimpiýa Oýunlaryny kabul eden dünýäde ilkinji şäher bolar. Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bahyň belleýişi ýaly Pekin 2022, Hytaý we bütindünýa üçin dowamly sport mirasyny galdyrar.   

 

Halkara hyzmatdaşlar