English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi geçirildi
22 Dekabr, 2020 ý.

2020-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi geçirildi.

Mejlisde 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi. Şeýle hem, 2021-nji ýyl üçin öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Milli Olimpiýa komitetiň dolandyryş düzüminiň üýtgedilmegi hem ara alyp maslahatlaşyldy we Türkmenistan Milli Olimpiýa komitetiniň Baş kätibi wezipesinde işlän Azat Myradowyň ornuna, bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmeklik üçin Ata Akmämmedow bellenildi.

Şeýle hem, Ýerine ýetiriji komitetiň mejlisinde 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy. Bu iş meýilnamanyň esasy ugurlary, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki halkara sport guramalary tarapyndan yglan edilen iri halkara sport ýaryşlaryna milli ýygyndy toparlarymyzyň türgenlerini ýokary derejede taýýarlamak hem-de olaryň üstünlikli çykyş etmeklerini üpjün etmek bolup durýar.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti we sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň Milli federasiýalary ýurdumyzda ýokary üstünlikli sporty ösdürmek ugrunda ähli işlere işjeň gatnaşýarlar. Döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde, türgenlerimize we tälimçilerimize maddy-tehniki hem-de degişli lukmançylyk hyzmatlary üpjün edilip, olaryň taýýarlyklaryny we hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, meýilnamalaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary we nazary okuw seminarlary gurnalýar.

Türkmenistanda Olimpiýa hereketiniň esasy wezipeleriniň biri hem, Milli ýygyndy toparymyzyň 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgusty aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek “Tokio 2020” 32-nji Olimpiýa oýunlaryna üstünlikli gatnaşmakdan ybaratdyr.

Halkara hyzmatdaşlar