English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
TOKIO OLIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ GURAMAMAÇYLYK KOMITETI SYNAG BÄSLEŞIKLERINIŇ TÄZE MEÝILNAMASYNY HÖDÜRLEDI
30 Noýabr, 2020 ý.

2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti, oýunlaryň yza süýşürilmegi sebäpli bolup geçen üýtgeşmelerden soň synag ýaryşlarynyň täzeden seredilen senenamasyny yglan etdi. Gözden geçirilen synag ýaryşlarynyň senenamasy 2021-nji ýylyň mart-maý aýlary aralygynda geçiriljek 18 dissiplina boýunça synag ýaryşlaryny öz içine alýar. Bu ýaryşlar, oýunlara taýýarlanmagyň möhüm bölegi bolup durýar. Olar üç esasy elementi synap görerler: her bir waka üçin oýun meýdançasy (ýaryş meýdançasy); tehnologiýany ulanmak; zähmet serişdeleri  - COVID-19 garşy çäreleri goşmak bilen tehniki taraplara aýratyn üns beriler.

Mundan başga-da, “Tokio 2020” halkara federasiýalar bilen hyzmatdaşlykda, oýunlar yza süýşürilmänkä meýilleşdirilen synag ýaryşlarynyň mazmunyna täzeden sereder we seljerer. Bu, 2020-nji ýyldaky Olimpiýa gün tertibi we Täze kadaly teklipler bilen gabat gelýär, netijeliligi ýokarlandyrýar we çykdajylary azaldýar. Tokio 2020-de COVID-19 ýagdaýyna jogap hökmünde ýokanç kesellerine gözegçilik çäreleri güýçlendiriler we desgalary dolandyrmagyň dürli ugurlary, şol sanda saýlanan synag ýaryşlarynda tomaşaçylaryň howsuzlygyny üpjin etmek boýunça giňişleýin işleri geçirmeklik meýilleşdirilýär. Synag ýaryşlaryny geçirmegiň käbir taraplary henizem göz öňünde tutulýar. Islendik üýtgeşme gysga wagtda Tokio 2020-de yglan ediler.

Halkara hyzmatdaşlar