English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Baş kätip A. Myradow bilen jenap Toru Kobaýaşiniň arasynda bolan wideo konferensiýanyň hasabaty
06 Noýabr, 2020 ý.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti, “Tokio-2020” Olimpiýa we Paraolimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy jenap Toru Kobaýaşi bilen geçirilen duşuşygyň barşynda global COVID-19 pandemiýasy şertlerinde “Tokio-2020” Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk işleri, şeýle hem “Tokio-2020” Guramaçylyk komitetiniň global COVID-19 pandemiýasyna bolan umumy garaýyşlary we onuň Olimpiýa oýunlarynyň geçirilişine ýetirýän täsiri meseleleri boýunça, “Tokio-2020” Guramaçylyk komitetini goldamaga hemişe taýýardygyny we bu ýagdaýy diňe bilelikdäki tagallalar bilen ýeňip biljekdigimizi, şeýle hem biziň wekillerimiziň “Tokio-2020” Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belläp geçdi.

Duşuşykda Ýaponiýada girizilen karantin düzgünleri we onuň Olimpiýa oýunlary döwründe Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň agzalarynyň ýerleşişine ýetirjek täsiri meselesi ara alnyp maslahatlaşylyp, Guramaçylyk komitetine karantinde galjak Milli ýygyndy toparynyň türgenleri üçin türgenleşik şertlerini döretmek bilen baglanşykly teklipler berildi. Mundan başga-da, Olimpiýa şäherjiginde ýerleşýän “Saglyk Merkezi” barada pikirler alyşyldy.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti, karantin döwrüni rahat geçirmek maksady bilen “Tokio-2020” Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň öňisyrasynda Ýamagata refekturasynyň Tendo şäherinde geçiriljek okuw-türgenleşiklerine ýurdumyzyň ähli wekiliýetini getirkmekligi meýilleşdirýändigini nygtap geçdi.

 

Halkara hyzmatdaşlar