English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Ýurdumyzda halkara sport gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça ýygnak geçirildi
30 Oktýabr, 2020 ý.
turkmenistan.gov.tm

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işi hem-de sport ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

Bu ulgamda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň netijesinde, gysga döwrüň içinde Bitarap Watanymyz halkara sport hyzmatdaşlyk merkezine öwrüldi. Soňky ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda sebit, yklym we dünýä derejesindäki iri sport bäsleşikleriniň 16-sy geçirildi. Şolaryň hatarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary möhüm orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara sport hyzmatdaşlygynyň ugry boýunça, şol sanda ugurdaş hukuk binýadyny giňeltmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Häzirki döwürde ýurdumyz bu ugur boýunça köptaraply resminamalaryň ikisine gatnaşýar, olaryň biri Olimpiýa nyşanyny goramak baradaky Naýrobi şertnamasydyr, beýlekisi bolsa Sportda dopinge garşy göreş baradaky halkara Konwensiýasydyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan 19 döwlet bilen sport babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekildi.

Ýurdumyzyň Ýewropanyň sport ýaryşlaryny dolandyrmak baradaky Konwensiýasyna (2014-nji ýylda Şweýsariýanyň Maglingen şäherinde kabul edildi) hem-de Halkara sambo federasiýasy we Halkara tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalaryň, Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Olimpiýa komiteti, Koreýa Respublikasynyň Sport we Olimpiýa komiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalaryny taýýarlamak hem-de ýakyn wagtda olara gol çekmek teklip edildi.
Türkmenistanyň halkara sport guramalarynyň işine toplumlaýyn gatnaşmagy maksada laýyk hasaplanylýar. Şu güne çenli ýurdumyz şeýle düzümleriň 7-siniň, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara sport federasiýalarynyň 48-siniň, ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça işlere girişmek teklip edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda iri sport ýaryşlaryny guramak we döwletimiziň şunuň ýaly döwlet we sebit derejesinde geçirilýän forumlara gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyllarda Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda Bedenterbiýä we sporta jogapkär ministrleriň VII halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi. Mundan başga-da, döwletimizde Halkara Olimpiýa komitetiniň sessiýasyny hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyny geçirmek teklip edildi.

Şunuň bilen birlikde, Olimpiýa Hartiýasyna hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň resminamalaryna esaslanyp, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Tertipnamasyny we işini kämilleşdirmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şeýle hem ýurdumyz bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksat bilen, Türkmenistanyň Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly düzümler bilen özara bähbitli gatnaşyklary saklaýandygyny hem-de yzygiderli ösdürýändigini hem sport ulgamyndaky gatnaşyklary höweslendirmek we işjeňleşdirmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesinde, Diýarymyzda ýokary dünýä ölçeglerine kybap gelýän, halkara derejedäki iri ýaryşlary guramak hem-de geçirmek üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýän döwrebap düzüm döredildi. Bu ugurda Türkmenistan baý tejribe toplady. Aşgabatda geçirilen we uly üstünliklere beslenen Aziada — 2017 munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, ýurdumyz sebitde we tutuş dünýäde sport hereketiniň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýar, sport halklaryň ýakynlaşmagynyň, dünýäde parahatçylyk, özara düşünişmek, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan oňyn gatnaşyklaryň möhüm bölegidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki derejesiniň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

 

Halkara hyzmatdaşlar