English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
ÝURDUMYZDA TENNISI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA HALKARA HYZMATDAŞLYK
15 Oktýabr, 2020 ý.

Düýn, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň gurnamagynda Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi.  

Bu duşuşyga Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Dewisiň kubogyny almak ugrunda halkara tennis ýaryşlaryň tapgyrlaýyn duşuşyklaryny geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dewisiň kubogynyň çäklerinde Dewid Haggertiniň Türkmenistana saparyny gurnamak baradaky meselelere hem seredildi. 
Mundan başga-da, ilat arasynda tennisi ýaýbaňlandyrmak, ýurdumyzda hünär taýdan tennise ýöriteleşen türgenleri taýýarlamak maksady bilen, taraplar Halkara tennis federasiýasynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Iş meýilnamany işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek meseleleri babatda pikir alyşdylar.   

 

Halkara hyzmatdaşlar