English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyny geçirmegiň ýüzbe ýüz hem-de onlaýn görnüşi meýilleşdirildi
12 Oktýabr, 2020 ý.

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) Baş Assambleýasy indiki aýda ýüzbe-ýüz we onlaýn mejlisini geçirmegi meýilleşdirýär.

Şu hepde, Omanyň paýtagty Muskatda 16-njy dekabrda möhüm mejlisi geçirmegiň meýilleşdirilýändigi mälim boldy.

Esasy sorag  2030-njy ýylda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ýer eýesini saýlamak bolar, onda sebitdäki iki bäsdeşler Katar we Saud Arabystany ýurtlarynyň biri saýlanar.
Nebite baý ýurtlaryň ikisi-de öz paýtagtlary Doha we Riýady hödürledi - bu serhet ýurtlarynyň arasyndaky diplomatik krizis sebäpli bäsdeşlik aýratyn gyzykly boldy.
Aziýanyň Milli Olimpiýa Komitetleriniň Muskata syýahat edip biljekdigi umyt edilýär, ýöne koronawirus çäklendirmeleri sebäpli muny edip bilmeýänler üçin Baş Assambleýa hem elýeterli bolar.

Doha we Riýad AOG-ne öz  kandidaturalaryny hödürlediler we ikisi-de 2030 oýunlaryny "milli ileri tutulýan ugur" diýip atlandyrdylar.

Halkara hyzmatdaşlar