English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
TÜRKMENISTANYŇ SPORT ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA ONLAÝN-DUŞUŞYK
09 Oktýabr, 2020 ý.

2020-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň gurnamagynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi A.Myradow, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew şeýle hem wideo aragatnaşyk arkaly Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň Prezidenti Robin Mitçell gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Olimpiýa raýdaşlygy maksatnamasynyň çäklerinde hem-de bölünip berlen serişdeleriň we Türkmenistanda Olimpiýa hereketiniň ösdürilemgi boýunça Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň we Halkara Olimpiýa komitetiniň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasy tarapyndan berlen ýörite serişdeleriň Tokio-2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleriniň taýynlanmagy üçin rahat şertleriň döredilmegine sarp ediljekdigi barada belläp geçdi.
Robin Mitçell Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine  aýratyn üns berilýändigini nygtady. Bu ugurdaky alnyp barylýan işler ýurdumyzyň abraýynyň artmagyna we halkara sport hyzmatdaşlygyna goşant goşmaga ýardam eder.

Türkmen tarapy  sport ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen tagalalary üçin Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasyna we Halkara Olimpiýa komitetine minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

 

Halkara hyzmatdaşlar