English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
TÜRKMENISTAN HALKARA WELOSIPEDÇILER BIRLEŞIGI BILEN HYZMATDAŞLYGYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
08 Oktýabr, 2020 ý.

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UСI) ýolbaşçysy Dawid Lappartien bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Taraplar önjeýli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bolan ikitaraplaýyn özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler. Bu ugurda 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramagyň we geçirmegiň mümkinçiliklerine hem seredildi. 

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Halkara welosipedçiler birleşigi Dawid Lappartieniň baştutanlygynda Aşgabada dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny berdi. Bu saýlaw türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginde zerur bolan enjamlar we howpsuzlyk ulgamy bilen üpjün edilen iň döwrebap welotrekleriň biriniň hereket edýändigi bilen şertlendirilendir.

Halkara hyzmatdaşlar