English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
HALKARA SAMBO FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
08 Oktýabr, 2020 ý.

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Halkara Sambo Federasiýasynyň Prezidenti Wasiliý Şestakow bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary onlaýn-duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar Türkmenistanda sambo boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, çempionatyň guramaçylyk meseleleri baradaky täze Şertnama boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de, dünýädäki global pandemiýa ýagdaýyny nazara almak bilen, taraplar Dünýä çempionatyna taýýarlyk işlerini utgaşdyrmak üçin Halkara Sambo Federasiýasynyň tehniki wekilleriniň Türkmenistana iş saparlaryny guramak meselelerine aýratyn üns çekdiler.

Mundan başga-da, taraplar sambo boýunça Dünýä çempionatyna türkmen türgenlerini taýýarlamak bilen baglanyşykly Iş meýilnamany durmuşa geçirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara Sambo Federasiýasy bilen Türkmenistanyň Milli Söweş sungaty federasiýasynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.       

 

Halkara hyzmatdaşlar