English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Koronawirusyň dowamly ýaýramagy sebäpli, Amsterdamda geçiriljek 2020 marafony ýatyryldy.
30 Awgust, 2020 ý.

Ýaryş 18-nji oktýabrda geçirilmelidi, ýöne gurnaýjylar "COVID-19” pandemiýa ýagdaýlarynyň köpelýändigini" aýdyp, ony ýatyrdylar. Gollandiýada 4-nji awgust ýagdaýyna bir günde kesellänleriň 400-den gowragynyň ýüze çykarylandygy barada habar berilýär. Bu ýyl ýaryş hasap boýunça 45-nji bolmalydy.  Ýaryşyň "Bütindünýä ýeňil atletika platina belligi" statusyna eýe bolandygyny belleýäris.

Şeýle hem, ol uzak aralyk boýunça Gollandiýanyň milli çempionaty bolmalydy.

Le Champion ýaryşy guramasynyň  dolandyryjy müdiri Ron van der Ýagt: "Koronawirus sebäpli TCS Amsterdam marafonyny ýatyrmagymyz gaty gynandyryjy waka boldy" –diýip belläp geçdi. "Biziň wezipämiz, mümkin boldugyça köp adamyň sporta we maşklara gatnaşmagyna we sagdyn jemgyýete goşant goşmagyna kömek etmekdir. Saglygy goraýyş elmydama ilkinji nobatda durýar, şonuň üçin Amsterdamdaky TCS marafonynyň howpsuz bolmagyny isledik. Şeýle-de bolsa, soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Gollandiýada we beýleki ýurtlarda pandemiýanyň ösüşi bu marafonyň öňe gitmegine ýol bermedi. "

Şäheriň Olimpiýa stadionynda başlaýan ýaryşa bellige alnanlaryň hemmesi 2021-nji ýylda geçiriljek bäsleşige gatnaşmaga hukuk alarlar.

Halkara hyzmatdaşlar