English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Bütindünýä Kýorling federasiýasy stipendiýa maksatnamasyny yglan etdi
28 Awgust, 2020 ý.

Bütindünýä Kýorling federasiýasy (WCF), agza birleşiklerine täze hünärleri ele almak üçin has köp mümkinçilikleri hödürlemäge ugrukdyrylan stipendiýa maksatnamasyny yglan etdi.
WCF, sport pudagynda ýöriteleşdirilen bilim maksatnamalaryny işläp düzmekde öňdebaryjy, bilim dolandyryş guramasy – Bütindünýä sport akademiýasy bilen bilelikde stipendiýa berer. WCF, bu stipendiýalar birleşikleriň agzalaryna hünär derejelerini we töweregindäki kýorling jemgyýetini ösdürmäge mümkinçilik berer diýip umyt edýär.

WCF-iň başlygy Keýt Keýtnes: "Agzalarymyza täze bilimleri almaga we sportda öňdebaryjy bilim maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly hünärlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjek, Bütindünýä sport Akademiýasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygymyza begenýäris." -diýdi. "Gysga wagtyň içinde Bütindünýä sport Akademiýasy bilen hyzmatdaşlygymyz kýorlingiň we türgenleri taýýarlamagyň ösüşindäki köp sanly sepgitlere sebäp boldy we sportumyza ýolbaşçylyk edýänler sportumyzyň ösüşinde ýene bir möhüm tapgyrdyr. Bu Assosiasiýalarymyz üçin ajaýyp pursat."
Hyzmatdaşlyk, “Halkara sport dolandyryşy” ugry boýunça aspirantura şahadatnamasy üçin bir sany doly stipendiýa we dokuz sany 50 göterimli stipendiýa bilen agza birleşiklere göni mümkinçilikler döreder. Şahadatnama London uniwersiteti bilen bilelikde işlenip düzüldi we berildi.

WCF-iň maglumatlaryna görä, doly stipendiýanyň bahasy 3500 funt sterling, 50 göterimli stipendiýalaryň her biriniň bahasy bolsa 1750 funt sterling bolup durýar.

Dolandyryş edarasy we Bütindünýä sport Akademiýasy, alyjylaryň arasynda gender deňligini üpjün etmek maksady bilen aspirantura üçin ýüz tutan üstünlikli zenana bir doly stipendiýa hödürlär.
WCF-niň hünärmenleriň karýerasynyň dürli döwürlerinde dürli derejeli okuwlary talap edýändiklerini ykrar etmegi bilen, doly onlaýn kursy bäş ýylda tamamlap bolar, sebäbi köpüsiniň çäkli wagty bar.
Bütindünýä sport Akademiýasy, Bütindünýä sport Akademiýasynyň sport şahadatnamasyny almak üçin WCF agza birleşikleriniň hersine 40 dollar bahasy bolan 100 stipendiýa hödürleýär.

Şahadatnama, üstünlikli türgen bolmak üçin zerur bolan gurallara has giňişleýin düşünmek isleýän 15-18 ýaş aralygyndaky talyp türgenler üçin döredilen onlaýn kursdyr. Bu okuwyň mazmuny dürli türgenler bilen yzygiderli işleýän awtorlar tarapyndan düzüldi we ýazyldy, hem-de birnäçe halkara federasiýalaryna wekilçilik edýän hünärmenler topary tarapyndan dolandyryldy.

Bütindünýä sport Akademiýasynyň dolandyryjy müdiri Kris Solli: "Bu kyn döwürde, pudakda ukyplaryny we başarnyklaryny ýokarlandyrmak isleýän WCF agza birleşiklerine stipendiýa hödürlemekden hoşal" -diýdi. “Bu stipendiýa maksatnamasy ýaly başlangyçlaryň esasynda Bütindünýä sport Akademiýasy, onlaýn bilim syýahatymyz arkaly COVID-19 krizisinden çykmak üçin sport pudagyna kömek edýär. Bu, orta mekdepden aspirantura çenli bilim almaga mümkinçilik berýär, dünýäniň käbir öňdebaryjy okuw jaýlary bolsa biziň hyzmatdaşlarymyz hökmünde çykyş edýär".

Halkara sport dolandyryşy ugry boýunça aspirantura şahadatnamasy üçin stipendiýa ýüz tutmak üçin bar bolan bakalawr derejesi ýa-da azyndan bäş-sekiz ýyl aralygy iş tejribesi we hünär hödürnamasy bolmaly.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda  kabul  edilmek  üçin stipendiýa ýüz tutmagyň iň soňky möhleti 9-njy noýabr, London uniwersitetinde stipendiýa almak üçin ýüztutma dekabr aýynyň ortalarynda tabşyrylýar.

 

Halkara hyzmatdaşlar