English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Ýaponiýa noýabr aýynda Ýuwaşokean sebitleriniň arasynda geçiriljek Kerling boýunça dünýä çempionatyny kabul eder
15 Iýul, 2020 ý.

Bütindünýä Kerling federasiýasy (WCF) Ýaponiýanyň Wakkanaý şäherinde Ýuwaşokean we Aziýa sebiti boýunça 2020 ýylyň çempionatynyň geçiriljekdigini habar berdi. Her ýyl Karuizawada geçirilýän çempionat, 2014-nji ýyldan soňra ilkinji gezek Ýaponiýa gaýdyp geler. Çempionat 7-14-nji noýabr aralygynda Hokkaido adasynda ýerleşýän Wakkanaý şäherinde geçiriler.

WCF-iň prezidenti Kit Keýtness:- "Ýuwaşokean we Aziýa sebiti ýurtlarynyň arasynda kerling çempionatyny geçirmek üçin Ýaponiýa gaýdyp gelendigimize begenýäris"- diýip belläp geçdi. "Ýaponiýa bu çempionaty özünde 10-njy gezek kabul eder we ýene-de oýunlaryň birinji derejede geçiriljekdigine ynanýaryn". Bu, möwsümde geçirilýän möhüm waka bolar, sebäbi bu bäsleşik Ýuwaşokean we Aziýa sebitimizdäki toparlara 2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynda ýer almak üçin dünýäniň beýleki saýlama ýaryşlarynda zenan we erkek toparlary bilen bäsleşmäge mümkinçilik berer."

Bu ýaryş, 2015-nji ýylda Sapporoda zenanlaryň arasynda geçirilen  dünýä çempionatdan bäri Ýaponiýada geçiriljek ilkinji halkara kerling ýaryşy bolar. Duşuşyklar Wakkanaý howa menzilinden bary-ýogy 20 minut uzaklykda bolan köpsanly sport toplumynda ýerleşýän Wakkanaý Midori sport parkynyň kerling merkezinde geçiriler. Oýunlary çempionatyň öňüsyrasynda, ýagny oktýabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Bütindünýä kerling federasiýasy we Ýaponiýanyň kerling birleşigi, koronawirus pandemiýasy barada Ýaponiýanyň hökümetiniň we halkara saglygy goraýyş edaralarynyň görkezmelerine eýerýändiklerini aýtdy. Bütindünýä dolandyryş edarasy ýaryşyň kadaly geçmegine garaşýandygyny belledi, ýöne türgenleriň, tomaşaçylaryň we ýaryşy gurnaýjylarynyň saglygynyň we howpsuzlygynyň has möhümdigini aýtdy. Bäsleşigiň geçirilmegini bahalandyrmak ýakyn aýlarda geçiriler diýlip garaşylýar. Ýaryş, Kerling boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry we saýlama ýaryşy bolar.

 

Halkara hyzmatdaşlar