English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Halkara Gandbol federasiýasy täze nyşanyny (logotipini) hödürledi
13 Iýul, 2020 ý.

Halkara Gandbol federasiýasy (IHF) häzirki zaman tomaşaçylaryny özüne çekmek maksady bilen täze nyşanyny döretdi. Ilkinji gezek halkara gandbol hepdeliginiň geçirililmegi bilen bagly, nyşanyň hem täzelenen görnüşi çykaryldy. Dünýä sport arenasynda möhüm orny eýelemek we häzirki zaman tomaşaçylaryny özüne çekmek maksady bilen, öňki IHF nyşany minimalistik görnüş bilen täzeden düzüldi. Doly kölegeli top diňe bir gandbol sportuny däl, eýsem IHF-i hemmetaraplaýyn hem alamatlandyrýar.

IHF ýazgy indi nyşanyň başynda ýerleşdirilip, ol ýolbaşçy düzümiň birleşdiriji roluny alamatlandyrýar. IHF ýazgy gök we ak reňkde bolmagyny dowam etdirýär, gandbolyň abraýyny we däp-dessuryny görkezýän top bolsa altyn reňke çaýylan. Täze nyşan ýakyn hepdelerde kem-kemden hödürlener. Düýn (12-nji iýul) IFH-iň döredilmeginiň 74 ýyllygyna gabat gelýän Halkara Gandbol hepdeligi başlandy.

IHF-iň başlygy Hasan Mustafa: "Halkara gandbol hepdeligi döredilmezden ozal, biziň sportumyzyň öz baýramçylygy ýokdy" –diýip belläp geçýär.
"Bu IHF-iň ozaldan hem üýtgetmek isleýän zadydy we biziň  başlangyç isleglerimiz bütin dünýäde köp sanly gowy işleri alyp barýan agzalarymyz bilen bilelikde “Halkara gandbol güni” döretmek bolup durýardy, ýöne 24 sagat ähli ýerine ýetirilen işleri görkezmek üçin ýeterlik däl.
Seýlelik bilen, "Halkara gandbol hepdeligi indi dünýäde ýedi gün dowam eder we diňe bir kurslar, gaýtalanýan nusgawy oýunlar we başgalar bilen dälde eýsem kem-kemden giriziljek täze nyşanymyz we täze markamyz sportumyzy bütin dünýäde şöhratlandyrar."

 

Halkara hyzmatdaşlar