English Русский
gün
sag
min
sek
Soňky habarlar
Stol tennisi boýunça Dünýä çempionaty 2021-nji ýylyň başyna geçirildi
30 Iýun, 2020 ý.

Dünýäniň ýagdaýyna ýakyndan gözegçilik etmek üçin döredilen Halkara Stol tennis federasiýasynyň (ITTF) COVID-19 iş toparyndan giňişleýin täzelenen hasabaty alynandan soňra, esasy gyzyklanýan taraplar bilen maslahatlaşylyp, degişli netijeler gazanyldy diýip, federasiýanyň metbugat gullugyna salgylanmak arkaly, Olimpiýa.kz habar berýär.
Ýerine ýetiriji komitet Pusanyň ýerli guramaçylyk komiteti (LOC) bilen, Hana bankynda geçiriljek 2020-nji ýyldaky stol tennisi çempionatynyň 2021-nji ýylyň ilkinji aýlaryna yza süýşüriljekdigi bilen ylalaşdy, sebäbi toparlaryň köpüsiniň ozal deslapdan ylalaşylan senelerde, ýagny  2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Respublikasyna  gidip biljekdikleri näbelli bolup durýar. 

Çempionatyň takyk senesi 2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Ýerine ýetiriji komitetiň indiki mejlisinde kesgitlener. 2020-nji ýyl meýilnamasy barada aýdylanda bolsa,  COVID-19 pandemiýasy başda meýilleşdirilişi ýaly halkara çärelerini geçirmeklige doly mümkinçilik bermese, ITTF tarapyndan 2020-nji ýylyň ahyryna çenli amala aşyrylyp bilinjek alternatiw çäreleri geçirmegiň mümkinçiligi öwreniler. Wirusyň dowamly ösüşini göz öňünde tutup, Ýerine ýetiriji komitet gutarnykly kararlar kabul etmezden ozal, diňe ýagdaýyň gowulaşmagyna garaşar. ITTF şu ýyl erkekler we aýallar arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek bilen baglanyşykly ýagdaýa ýakyndan gözegçilik edýär.

ITTF 2021-nji ýylda ABŞ-da ýekelikde stol tennisi boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär, ýöne Pusan (2021-nji ýylyň 17-26-njy iýuny) ýaryşlarynyň geçirimeli soňky senelerine garaşmak bolsa, çempionaty başdaky bellenen möhletlerde geçirmeklige mümkinçilik bermez. Ähli geçiriljek çäreler, gatnaşyjylaryň saglygyny we howpsuzlygyny ileri tutýan berk COVID-19 protokolyna laýyklykda geçiriler. UMUMY TÄZELENMELER Ýerine Ýetiriji Komitet 2019-njy ýyl üçin audit maliýe hasabatyny aldy we her ýylky umumy mejlisde tassyklamak üçin ITTF agza birleşiklerine tabşyrmaga razy boldy.

Ýerine ýetiriji komitet jenap Halil al-Mohannadi Bütindünýä Stol Tennisi Geňeşine (WTT) goşulmagy maslahat berdi. “Stol tennis öýi” taslamasy boýunça döredilen Saýlama topary tender geçirmegiň senesini kesgitlemek üçin ýakyn hepdelerde duşuşyk geçirmegi meýilleşdirýändigi barada Ýerine ýetiriji komitetine habar berdi. Ýerine Ýetiriji Komiteti 2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda ýene-de duşuşar we COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly kabul ediljek kararlar barada täzelenen maglumatlary bermegi dowam etdirer.

 

Halkara hyzmatdaşlar